Ýarym finalyň Madridde oýnalan beýleki duşuşygy – “Atletiko” bilen “Arsenalyň” arasyndaky oýun Pariždäki duşuşyk ýaly bolmady. Depgini pesräk ýagdaýda geçen oýunda ýeňiş gazanan bolmady. 1-1 hasabynda deňlikde tamamlanan oýnuň gollarynyň ikisi hem 11 metrlik jerime urgusy arkaly geçirildi. Duşuşygyň 44-nji minutynda niderland emini Danni Makkelieniň bellän 11 metrlik jerime urgusyny dürs uran Wiktor Gýokereş “Arsenaly” öňe saýlady. 2-nji ýarymyň başlarynda-da, has takygy, 56-njy minutda bu gezek ýer eýeleriniň peýdasyna bellenen 11 metrlik jerime urgusyny Hulian Alwares dürs urup, hasaby deňledi. Galan minutlarda-da esasan hem ýer eýeleri howply hüjümleri döretselerem, derwezeçi Dawid Raýany geçmek olara başartmady. Netijede, duşuşyk 1-1 hasabynda deňlikde tamamlandy.

“Arsenal” toparynyň ýeňlişsiz ýörişi dowam edip, londonlylar 13 oýunda 10 gezek ýeňiş gazandy (3 deňlik). Ispan toparynyň argentinaly ýyldyzy Hulian Alwaresiň şu möwsümde Çempionlar Ligasynda geçiren gollarynyň sany 10-a ýetdi. Ol bu görkezijä ýeten ilkinji “atletikoly” futbolçy boldy. Şeýle-de, ol Çempionlar Ligasynda umumylykda 41-nji duşuşygynda 25-nji goluny geçirdi. Alwares UÇL-de 25 gola iň çalt ýeten argentinaly futbolçy bolup, ol Lionel Messiniň rekordyny täzeledi (42 oýunda 25 gol).

Jogap oýny 5-nji maýda Londonda oýnalar.