Alymlaryň köp wagtdan bäri «Arylar sanamagy başarýarmy ýa-da diňe şekilleri tapawutlandyryp bilýärmi?» diýen sowalynyň jogaby tapyldy. Arylaryň hasap-hesibe näderejede ökdedigi köp ýyl bäri biologlaryň ünsüni çekip gelýärdi.
Italiýadaky Trento uniwersitetinden newrolog Mirko Zanonyň hem-de Awstraliýadaky Monaş uniwersitetinden zoolog Skarlett Howardyň ýolbaşçylyk edýän topary bu ugurda täze ylmy işi tamamlady. Bilermenler arylaryň ukyplaryny adamyň garaýşy bilen däl-de, olaryň öz gözi bilen seljerdiler. Mundan ozalky barlaglarda bu jandarlara ýüzüne san ýa-da şekil ýazylan kartlary görkezmek arkaly sanamak öwredilipdi. Şeýle usulda geçirilen synaglarda arylar 75-80% netije görkezipdiler. Käbir alymlar arynyň gözüniň saýgaryşynyň adamyňkydan pesdigine ünsi çekip, ozalky barlaglarda arylaryň has uly bolup görünýän sanlary saýlan bolmaklarynyň mümkindigini belleýärler. Täze barlagda bu ýagdaýlar göz öňünde tutulyp, gaýtadan seljeriş işi geçirildi. Netijede, has çylşyrymly bolup görünýän şekilleriň arynyň gözi bilen seredilende, gowy saýgarylmaýandygy ýüze çykaryldy. Alymlaryň bellemegine görä, bu ýagdaý arylaryň san sanap, ýagny bir zadyň mukdaryny tapawutlandyryp bilýändigini aňladýar.
Ylmy işiň netijeleri «Proceedings of the Royal Society B» žurnalynda çap edildi.
Aýnur Çunguşowa,
Ak bugdaý etrap merkezi kitaphanasynyň Berkarar şäherçe şahamçasynyň kitaphanaçysy.
PDF









