Ita­li­ýa­nyň Rim şä­he­rin­dä­ki ta­ry­hy Ko­li­zeý are­na­syn­da ge­çi­ri­len ga­zuw-ag­ta­ryş iş­le­ri­niň ne­ti­je­sin­de ýe­riň as­tyn­da ga­lan gi­riş sü­tün­le­riniň we bi­na­nyň kä­bir bö­lek­le­ri­niň üs­tün­den ba­ryl­dy. Are­na­nyň tö­we­re­gin­de sak­la­nyp ga­lan ha­ra­ba­lyk­lar ir­ki dö­wür­ler­de bu ýer­de nä­hi­li gur­luş­la­ryň bo­lan­dy­gy­ny bil­mä­ge ýar­dam ed­ýär. Ta­py­lan bi­na ga­lyn­dy­la­ry aras­sa­la­nyp, gör­ner ýa­ly edil­di. Hü­när­men­ler ta­ry­hy des­ga­la­ry go­rap sak­la­mak we myh­man­la­ra gör­kez­mek üçin oý­la­ny­şyk­ly iş­le­ri alyp bar­ýar­lar. Ýü­ze çy­ka­ry­lan ta­pyn­dy­lar bu ýer­de baş­ga-da bir­nä­çe in­že­ner­çi­lik des­ga­la­ry­nyň bo­lan­dy­gy­ny aň­lad­ýar.
Ir­ki dö­wür­de to­ma­şa­çy­lar her bir sü­tü­niň ýü­zün­de ýa­zy­lan san­dan otur­jak ýe­rleri­ni ta­pyp bi­lip­dir­ler. Ge­çi­ri­len iş­le­riň ne­ti­je­sin­de köp­çü­li­giň geç­me­gi üçin gur­lan dä­liz­le­riň uly bö­le­gi asyl nus­ga­syn­da­ky ýa­ly gaý­ta­dan di­kel­dil­di. Şeý­le hem top­lu­myň suw dre­naž ul­ga­my abat­lan­dy. Bu bol­sa yma­ra­tyň uzak ýyl­lap abat sak­lan­ma­gy­na getirer. Her ýyl mil­li­on­lar­ça sy­ýa­hat­çy­ny ka­bul ed­ýän Ko­li­zeý Rim im­pe­ri­ýa­sy döw­ri ba­ra­da has ýa­kyn­dan mag­lu­mat al­ma­ga ýar­dam ed­ýär.

Meňli Atamyradowa,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby.