Italiýanyň Rim şäherindäki taryhy Kolizeý arenasynda geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde ýeriň astynda galan giriş sütünleriniň we binanyň käbir bölekleriniň üstünden baryldy. Arenanyň töwereginde saklanyp galan harabalyklar irki döwürlerde bu ýerde nähili gurluşlaryň bolandygyny bilmäge ýardam edýär. Tapylan bina galyndylary arassalanyp, görner ýaly edildi. Hünärmenler taryhy desgalary gorap saklamak we myhmanlara görkezmek üçin oýlanyşykly işleri alyp barýarlar. Ýüze çykarylan tapyndylar bu ýerde başga-da birnäçe inženerçilik desgalarynyň bolandygyny aňladýar.
Irki döwürde tomaşaçylar her bir sütüniň ýüzünde ýazylan sandan oturjak ýerlerini tapyp bilipdirler. Geçirilen işleriň netijesinde köpçüligiň geçmegi üçin gurlan dälizleriň uly bölegi asyl nusgasyndaky ýaly gaýtadan dikeldildi. Şeýle hem toplumyň suw drenaž ulgamy abatlandy. Bu bolsa ymaratyň uzak ýyllap abat saklanmagyna getirer. Her ýyl millionlarça syýahatçyny kabul edýän Kolizeý Rim imperiýasy döwri barada has ýakyndan maglumat almaga ýardam edýär.
Meňli Atamyradowa,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby.
PDF









