Pedro Miguel locks, Panama Canal, Panama, Central America, Latin America.

Ýu­waş we At­lan­tik um­man­la­ry­nyň ara­syn­da­ky, uzyn­ly­gy 82 ki­lo­met­re ba­ra­bar bo­lan Pa­na­ma ka­na­lyn­dan geç­ýän gä­mi­le­riň sa­ny art­dy. Ka­na­ly do­lan­dyr­ýan eda­ra­nyň we­kil­le­ri bu çyl­şy­rym­ly suw des­ga­sy­nyň söw­da gä­mi­le­ri­niň wag­ty­ny tyg­şyt­la­mak üçin uly äh­mi­ýe­ti­niň bar­dy­gy­ny bel­le­ýär­ler. Ka­nal­dan geç­ýän gä­mi­le­riň art­ýan­dy­gy­na ga­ra­maz­dan, hal­ka­ra söw­da üçin äh­mi­ýet­li bo­lan des­ga­da su­wuň de­re­je­si­niň ka­da­ly ýag­daý­da sak­lan­ma­gy­ny üp­jün et­mek üçin ta­gal­la edil­ýär.
Eme­li ka­nal­da gä­mi­le­riň ge­çi­şi üçin su­wuň de­re­je­si­ni azal­dyp hem art­dy­ryp dur­ýan ýö­ri­te ul­gam he­re­ket ed­ýär. Ge­çen ýy­lyň okt­ýabr aýy bi­len şu ýy­lyň mart aýy ara­ly­gyn­da­ky 6 aý­lyk dö­wür­de je­mi 6 müň 288 suw ula­gy bu des­ga­dan ge­çip­dir. Gä­mi­le­riň sa­ny bir ýyl ozal­ky de­giş­li dö­wür­dä­ki­den 224 sa­ny ar­tyk bo­lup­dyr.
Ka­rib deň­zi bi­len Ýu­waş um­ma­ny­nyň ara­ly­gyn­da­ky ka­na­lyň gur­lu­şy­gy­na 1881-nji ýyl­da baş­lan­ýar. Ka­nal­dan il­kin­ji gä­mi 1914-nji ýyl­da geç­ýär. Tas­la­ma­nyň esa­sy mak­sa­dy, söw­da gä­mi­le­ri­niň Ýu­waş we At­lan­tik um­man­la­ry­nyň ara­syn­da­ky ara­ly­gy azal­dyp, wag­ty tyg­şyt­la­mak we ýük gat­na­wy üçin edil­ýän çyk­da­jy­ny azalt­mak­dan yba­rat­dyr.

Merdan Hojatow,
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň harby gullukçysy, maýor.