Azerbaýjanyň çempionaty “Premier Ligada” täze çempion peýda boldy. 21-nji tapgyryň galdyrylan oýnunda 2-nji ýerde barýan “Garabag” toparynyň myhmançylykda “Neftçiden” 2-1 utulmagyndan soň, “Sabah” topary çempionlygyny yglan etdi. Möwsümiň tamamlanmagyna 4 tapgyr galanda, 13 utuk öňe saýlanan Masazyr şäheriniň wekili “Sabah” taryhyndaky ilkinji çempionlygy gazandy. 2017-nji ýylda esaslandyrylan klub mundan öň 2022/23 möwsüminde 2-nji, 2023/24 möwsüminde-de 3-nji ýeri eýeläpdi. Litwaly Waldas Dambrauskasyň tälim berýän topary şu möwsümde 29 oýunda diňe 1 gezek ýeňlişe sezewar boldy. Öz meýdançasynda “Imişli toparyndan 1-0 asgyn gelen “Sabah” topary 22 oýunda ýeňiş gazanyp, 6 duşuşykda deňme-deň oýnady.

Şeýlelikde, “Sabah” topary “Garabagyň” yzly-yzyna 4 ýyllyk çempionlyk seriýasyna soňky nokady goýdy. 34 ýyllyk taryhy bolan Azerbaýjanyň “Premier Ligasynda” “Sabah” topary çempionlyk gazanan 9-njy klub hökmünde hasaba alyndy. Çempionatda şu wagta çenli “Garabag” 12, “Neftçi” 9, “Kýapaz” 3, “Şamakhi” 2, “Şamkir” 2, “Baku” 2, “Hazar Lankoran”, “Turan Towuz” 1 gezek çempionlyk gazandy.

12 klubly çempionatda häzirki wagtda “Garabag” 2-nji orunda barýar we ildeşimiz Gurban Berdiýewiň tälimçiligindäki “Turan” topary 3-nji ýeri eýeleýär. “Sabah” topary täze möwsümde UEFA Çempionlar Ligasynyň 1-nji saýlama tapgyryna gatnaşar. “Garabag” bilen “Turan” bolsa Konferensiýa Ligasynyň saýlama tapgyryna wekilçilik eder.