UEFA Ýewropa Ligasynda ýarym finalyň 1-nji duşuşyklary oýnaldy. Iňlis derbisinde “Nottingam Forest” öz meýdançasynda “Aston Willa” toparyny 1-0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Duşuşykdaky ýeke-täk goly 71-nji minutda penaltiden Kris Wud öz adyna ýazdyrdy.

Portugaliýada bolsa “Braga” topary bilen Germaniýanyň “Fraýburg” kluby duşuşdy. Çekeleşikli geçen oýunda portugal kluby 2-1 hasabynda üstün çykdy. “Braga” topary Demir Ege Tyknazyň 8-nji minutdaky goly bilen öňe geçdi. Bu goldan 8 minut soň, ýagny 16-njy minutda Winçenzo Grifonyň goly bilen hasap deňlendi. Ýer eýelerine ýeňiş getiren goly 90+2-nji minutda Mario Dorgoles öz adyna ýazdyrdy.

Jogap oýunlary 7-nji maýda oýnalar.