Dünýäde wirusly gepatite garşy göreşmek boýunça global tagallalar özüniň oňyn netijelerini berýär – keseliň täze ýokuşma ýagdaýlarynyň we ölüm ýagdaýlary bilen gutarýan hadysalaryň sany ep-esli azalýar. Emma muňa garamazdan, bu kesel dünýäde ilatynyň saglygy üçin iň çynlakaý wehimleriň biri bolmagynda galýar.
Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň (BSGG) Gepatit baradaky bütindünýä sammitinde hödürlän täze hasabatynda bellenilişi ýaly, gepatit bilen bagly ähli ölüm hadysalarynyň 95 göterimini emele getirýän wirusly B we C gepatitleri 2024-nji ýylda 1,34 million adamyň ömrüniň gyrylmagyna sebäp boldy. Şol bir wagtda ýokuşma hadysalary dowam edýär – her gün 4900-den gowrak täze ýagdaý, ýagny, ýylda 1,8 million ýokuşma hasaba alynýar.
Täze hasabatda 2015-nji ýyldan bäri uly öňegidişlikleriň gazanylandygy bellenilýär. Gepatit B-niň täze ýagdaýlary 32 göterim, gepatit C-niň ölüm derejesi bolsa 12 göterim azaldy. Bu üstünlikler BSGG-ä agza döwletleriň 2016-njy ýylda wirusly gepatiti ýok etmek baradaky maksatnamasyny tassyklanyndan soňra amala aşyrylan global we milli tagallalaryň netijesidir. Şeýle-de bolsa, gurama häzirki depginleriň 2030-njy ýyla çenli goýlan maksatlara ýetmek üçin ýeterlik däldigini duýdurýar we öňüni alyş, test we bejergi çärelerini çaltlandyrmagyň zerurdygyny nygtaýar.
BSGG-niň Baş direktory Tedros Gebreýesus: «Dünýä ýurtlary gepatiti ýok etmegiň syýasy erk we maliýe serişdeleri bolan ýagdaýynda amala aşyryp boljak real maksatdygyny subut edýärler» diýip belledi. Emma onuň bellemegine görä, bu ugurdaky öňegidişlikler entek haýal we deň däl derejede bolup, saglygy goraýyş ulgamlarynyň ýeterlik däldigi hem-de lukmançylyk hyzmatlaryna elýeterliligiň deňsizligi sebäpli, millionlarça adam degişli bejergini alyp bilmeýärler.
Döwrebap sanjymlar we dermanlar gepatitiň öňüni almakda we bejermekde 95 göterimden gowrak netijelilik berýär. Şoňa görä-de, BSGG gepatitiň öňüni alşyny, diagnostikasyny we bejergisini ilkinji lukmançylyk-sanitar kömegi ulgamyna ornaşdyrmaga hem-de täze doglan bäbekleriň sanjym bilen gurşalyp alynmagyny giňeltmäge çagyrýar.