“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň hemaýat-goldawlary netijesinde halkymyzyň milli buýsanjyna öwrülen behişdi bedewlerimiziň şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak, milli atşynaslyk sungatymyzy dünýä ýaýmak boýunça giň möçberli işler durmuşa geçirilýär. 9-10-njy maýda Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde “Gündogaryň merjeni” ady bilen atly sport we gözellik bäsleşikleri we “Ahalteke bedewi — halklaryň dostlugynyň nyşany” atly maslahat geçiriler. Bu halkara çärä ýurdumyzyň atşynaslary, ahalteke bedewleri gatnaşar. Ýaryşlar behişdi bedewlerimiziň şan-şöhratyny has-da artdyrmaga ýardam berer. Bu barada 1-nji maýda geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew hasabat berdi.
PDF









