Halkara futbol federasiýasynyň (FIFA) prezidenti Janni Infantino penşenbe güni Eýranyň 2026-njy ýyldaky dünýä çempionatyna gatnaşjakdygyny we öňden meýilleşdirilişi ýaly, duşuşyklaryň Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda geçirjekdigini tassyklady.
Infantino bu barada Wankuweriň maslahatlar merkezinde geçen FIFA-nyň 76-njy kongresinde mälim etdi. Bütin dünýäden gelen futbol wekilleri bu ýere turniryň guramaçylyk meselelerini, düzgünlere girizilen üýtgeşmeleri we öňde duran çärä görülýän taýýarlygy ara alyp maslahatlaşmak üçin ýygnandylar.
Sebitdäki soňky durnuksyzlyklar zerarly Eýranyň 2026-njy ýylyň dünýä çempionatyna gatnaşmaýandygy baradaky myş-myşlar barada durup geçmek bilen, Infantino şeýle diýdi: “Men Eýranyň 2026-njy ýylyň dünýä çempionatyna gatnaşýandygyny we elbetde, Eýranyň ABŞ-da oýnajakdygyny tassyklaýaryn”.
Mundan ozal, Eýranyň resmi wekilleri toparçalaýyn tapgyryň duşuşyklaryny ABŞ-dan Meksika geçirmegi teklip edipdiler. Emma FIFA bu teklibi ret etdi. ABŞ-nyň hökümet wekilleri bolsa ýakynda Eýranyň milli ýygyndysynyň öňümizdäki dünýä çempionatyna gatnaşmagyny goldaýandyklaryny mälim etdiler.
Wankuwer şäheri taryhda ilkinji gezek 48 komandanyň gatnaşmagynda geçiriljek dünýä çempionatynyň tapgyrlarynyň birini kabul etmäge taýýarlanýar. Turnir 11-nji iýun bilen 19-njy iýul aralygynda ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçiriler.