UEFA Çempionlar Ligasynda 2025/26 möwsüminiň ilkinji finalçysy belli boldy. Angliýanyň “Arsenal” topary jogap duşuşygynda Londonda “Atletiko Madrid” toparyny 1-0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Madriddäki oýunda ýeňiş gazanan bolmandy (1-1). Topçulary finala çykaran ýeke-täk goly 45-nji minutda Bukaýo Saka geçirdi. Duşuşygyň 2-nji ýarymynda hasap üýtgemedi we “Arsenal” 20 ýyldan soň, taryhynda 2-nji gezek finala adyny ýazdyrdy. “Arsenal” mundan öň 2006-njy ýylda finala çykyp, “Barselonadan” 2-1 hasabynda asgyn gelipdi.
“Arsenal” topary şu möwsümde Çempionlar Ligasynyň çäginde 14-nji duşuşygynda-da ýeňilmedi.
“Arsenal” toparynyň 1-nji we 2-nji finalynyň arasynda 20 ýyl bolup, bu görkeziji boýunça 4-nji ýeri eýeledi. 2 finalynyň arasy iň uzak ýyl bolan topar 40 ýyl bilen “Atletiko Madrid”, 2-nji topar bolsa 31 ýyl bilen “Mançester Ýunaýted”, 25 ýyl bilenem “Barselona” 3-nji ýerde barýar.
Iňlis klublary 27-nji gezek finala çykyp, bu ugurda ispanlardan (31) hem-de italýanlardan (30) soň 3-nji ýeri eýeleýärler.
“Arsenal” toparynyň finaldaky garşydaşy “Bawariýa” ýa-da PSŽ bolar.