19-njy awgustda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň çäginde ýerleşýän «Arçman» şypahanasyna geldi. Arkadagly Gahryman Serdarymyz bu ýerde goşmaça täze bejeriş merkeziniň binalar toplumyny gurmak hem-de käbir binalary has-da döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler bilen tanyşdy. Şypahanada ýaýbaňlandyrylan gurluşyk we döwrebaplaşdyryş işleri tamamlaýjy tapgyrda dowam edýär.

Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň «Türk­me­nis­tan – mel­hem­ler me­ka­ny» at­ly ki­ta­byn­da ýer­li te­bi­gy çeş­me­le­riň örän baý be­je­riş müm­kin­çi­lik­le­ri­niň esa­syn­da şy­pa­ha­na ul­ga­my­ny ös­dür­mek we ýur­du­my­zyň hal­ka­ra de­re­je­li şy­pa­ha­na mer­ke­zi hök­mün­dä­ki ägirt uly kuw­wa­ty be­ýan edil­ýär. Türk­men top­ra­gy be­je­riş hä­si­ýet­li mi­ne­ral çeş­me­le­re baý­dyr. Ola­ryň äh­li­si hal­ky­my­zyň hyz­ma­ty­na gö­nük­di­ril­ýär.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ir bi­len türk­men te­bi­ga­ty­nyň gö­zel kün­je­gin­de ýer­leş­ýän «Arç­man» şy­pa­ha­na­sy­na gel­di.
Hal­ky­my­zyň sag­ly­gy ba­ra­da­ky ala­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da al­nyp ba­ryl­ýan dur­muş ugur­ly döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň bi­ri bo­lup dur­ýar. Ýur­du­myz­da ila­tyň sag­ly­gy­ny go­ra­mak we ber­kit­mek, jem­gy­ýe­ti­miz­de sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­ni ber­ka­rar et­mek hä­zir­ki döw­rüň mö­hüm we­zi­pe­le­ri­niň ha­ta­ryn­da kes­git­le­nil­di. Şun­da şy­pa­ha­na dü­züm­le­ri­ne mö­hüm or­nuň de­giş­li­di­gi­ni bel­le­me­li.
Bu ýer­de sag­ly­gy go­ra­ýyş we der­man se­na­ga­ty mi­nist­ri M.Ga­ýy­pow hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ozal be­ren tab­şy­ryk­la­ryn­dan we luk­man Arkadagymyzyň öwüt-ün­dew­le­rin­den ugur al­nyp, şy­pa­ha­na­da tä­ze gu­rul­ýan bi­na­lar top­lu­my­nyň we has-da döw­re­bap­laş­dy­ryl­ýan bi­na­la­ryň hä­zir­ki ýag­da­ýy­na, ola­ryň üp­jün­çi­lik hem-de en­jam­laş­dy­ry­lyş de­re­je­si­ne de­giş­li tas­la­ma­lar, ugur­daş des­ga­la­ryň ýer­leş­jek ýer­le­ri­niň çyz­gy­la­ry ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.
Gör­ke­zil­ýän tas­la­ma­la­ryň ha­ta­ryn­da 400 orun­lyk tä­ze şy­pa­ha­na bi­na­sy­nyň, düýp­li döw­re­bap­laş­dy­ryl­ýan «A» hem-de «B» bi­na­la­ry­nyň, na­har­ha­na­nyň, fi­to­ba­ryň we çaý­ha­na­nyň, 300 orun­lyk mej­lis­ler za­ly­nyň, mi­ne­ral suw içil­ýän bi­na­nyň, ça­ga­lar üçin oýun otag­la­ry­nyň, dür­li maşk­la­ry ýe­ri­ne ýe­tir­mä­ge ni­ýet­le­nen tür­gen­le­şik za­ly­nyň, şy­pa­ly suw bi­len be­je­riş bi­na­sy­nyň, dört gat­ly aw­tou­lag du­ral­ga­sy­nyň şe­kil­le­ri bar.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz bu ýer­de gör­ke­zil­ýän tas­la­ma­lar we bi­na­nyň ýer­leş­jek ýer­le­ri­niň çyz­gy­la­ry hem-de top­lu­myň otag­la­ryn­da dö­re­dil­ýän müm­kin­çi­lik­ler bi­len iç­gin gy­zyk­la­nyp, ola­ra bir­nä­çe bel­lik­le­ri­ni aýt­dy we de­giş­li dü­ze­diş­le­ri gi­riz­di. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz bu ýer­de ta­mam­laý­jy tap­gyr­da ýaý­baň­lan­dy­ry­lan iş­le­riň üs­tün­lik­li ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­gi­niň, me­ýil­leş­di­ri­len gur­lu­şyk­la­ryň bel­le­ni­len möh­let­ler­de we ýo­ka­ry hil­li ber­jaý edil­me­gi­niň hä­zir­ki döw­rüň mö­hüm we­zi­pe­si­di­gi­ni bel­läp, bu iş­le­riň ýo­ka­ry dep­gin­de al­nyp ba­ryl­ma­gy­ny yzy­gi­der­li gö­zeg­çi­lik­de sak­la­mak ba­bat­da anyk tab­şy­ryk­la­ry ber­di. Şol bir wag­tyň özün­de, Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň şan­ly 35 ýyl­lyk to­ýu­nyň toý­la­nyl­ýan ýy­lyn­da Sag­ly­gy go­ra­ýyş we der­man se­na­ga­ty iş­gär­le­ri­niň gü­nün­de bi­na­lar top­lu­my­nyň açy­lyş da­ba­ra­sy­na ýo­ka­ry de­re­je­de taý­ýar­lyk gör­mek we ony gu­ra­ma­çy­lyk­ly ge­çir­mek me­se­le­le­ri üns mer­ke­zin­de sak­lan­ma­ly­dyr.
Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­myz, beý­le­ki ugur­lar­da bol­şy ýa­ly, sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my­na de­giş­li bi­na­la­ryň tas­la­ma­la­ry taý­ýar­la­ny­lan­da ýer­li te­bi­gy aý­ra­tyn­lyk­la­ryň göz öňün­de tu­tul­ma­ly­dy­gy­ny bel­le­di. Şun­da şy­pa­ha­na­nyň äh­li çäk­le­ri­niň aba­dan­laş­dy­ryl­ma­gy, bu ýer­de ýo­ka­ry eko­lo­gi­ýa ýag­da­ýy­nyň üp­jün edil­me­gi mö­hüm ta­lap hök­mün­de kes­git­le­nen­dir.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz «Arç­man» şy­pa­ha­na­sy­nyň be­je­riş müm­kin­çi­lik­le­ri­ni ne­ti­je­li peý­da­lan­mak, şy­pa­ha­na­nyň mel­hem suw­ly çeş­me­si­niň suw gor­la­ry­ny mun­dan beý­läk hem yl­my esas­da öw­ren­mek we bu ýer­de iş­le­ýän luk­man­la­ryň hü­när de­re­je­si­ni yzy­gi­der­li kä­mil­leş­dir­mek ba­bat­da bir­nä­çe tab­şy­ryk­la­ry ber­di. Şol bir wag­tyň özün­de, be­je­riş ul­ga­my­na san­ly teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň or­naş­dy­ryl­ma­gy­na mö­hüm äh­mi­ýet be­ril­me­li­dir.
Soň­ra hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz gur­lu­şy­gy ta­mam­laý­jy tap­gyr­da al­nyp ba­ryl­ýan 400 orun­lyk şy­pa­ha­na bi­na­sy­nyň otag­la­ry, ola­ryň en­jam­laş­dy­ry­lyş de­re­je­si we ýa­tym­la­ýyn otag­la­ryň müm­kin­çi­lik­le­ri bi­len ta­nyş­dy.
Bi­na­nyň anyk­la­ýyş otag­la­ry­nyň hem­me­si hä­zir­ki za­man ta­lap­la­ry­na we ýo­ka­ry hal­ka­ra gör­ke­zi­ji­le­re la­ýyk de­re­je­de en­jam­laş­dy­ry­lyp­dyr. Bu ýer­de luk­man­la­ryň ne­ti­je­li iş­le­me­gi, şeý­le hem sag­ly­gy­ny ber­kid­ýän ra­ýat­lar üçin hem äh­li amat­lyk­lar dö­re­dil­ýär. Bö­lüm­ler­de or­naş­dy­ry­lan en­jam­la­ryň dün­ýä­niň öň­de­ba­ry­jy önüm ön­dü­ri­ji­le­ri­niň en­jam­la­ry­dy­gy­ny we ola­ryň se­bit­de iň tä­ze­le­ri­di­gi­ni bel­le­mek ge­rek.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz otag­la­ryň ýo­ka­ry de­re­je­de en­jam­laş­dy­ryl­ma­gy­nyň, olar­da ila­ta hö­dür­len­ýän hyz­mat­la­ryň hi­li­ne ze­rur üns ber­me­giň wa­jyp­dy­gy­ny bel­le­di. Mu­nuň özi ýur­du­myz­da yn­san sag­ly­gy ba­ra­da­ky ala­da­nyň, şy­pa­ha­na dü­züm­le­rin­de sag­ly­gy ber­kit­mek, ke­sel­le­riň öňü­ni al­mak bo­ýun­ça al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­riň aý­ra­tyn äh­mi­ýet­li­di­gi­niň aý­dyň be­ýa­ny­dyr.
Şy­pa­ha­na dü­zü­mi­ne de­giş­li tä­ze bi­na­la­ry gur­mak we des­ga­la­ry düýp­li döw­re­bap­laş­dyr­mak iş­le­rin­de mil­li bi­na­gär­lik ýö­rel­ge­le­ri bi­len hä­zir­ki za­ma­nyň ösen tej­ri­be­si­niň ut­gaş­dy­ryl­ma­gy wa­jyp­dyr. Şun­da luk­man­çy­lyk en­jam­la­ry­nyň döw­re­bap bol­ma­gy, yn­san sag­ly­gy­ny go­ra­mak­da ýo­ka­ry de­re­je­li anyk­la­ýyş usul­la­ry­nyň ula­nyl­ma­gy mö­hüm­dir.
Bi­na­nyň SPA bö­lü­mi­ne de­giş­li otag­la­ryň en­jam­laş­dy­ry­ly­şy bi­len tan­şyp, Arkadagly Gahryman Serdarymyz bu bö­lüm­de mi­ne­ral suw­lar bi­len be­je­riş, gid­ro, ga­la we aro­ma­te­ra­pi­ýa ýa­ly otag­la­ra bar­dy we ila­ta hö­dür­len­ýän hyz­mat­la­ryň ýo­ka­ry de­re­je­si­niň üp­jün edil­ýän­di­gi­ni syn­la­dy. Şeý­le hem bu bö­lüm­de dür­li gör­nüş­li ham­mam­lar bar. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz bu bi­na­da de­giş­li san­ly hyz­mat­la­ryň müm­kin­çi­lik­le­ri­niň ta­la­ba­la­ýyk ýo­la go­ýul­ma­ly­dy­gy­ny, mu­nuň üçin otag­lar­da hä­zir­ki za­man yl­my­nyň ga­za­nan­la­ryn­dan ugur al­nyp, äh­li ze­rur şert­le­riň dö­re­dil­me­li­di­gi­ni bel­le­di. Bu ýer­dä­ki san­ly­laş­dy­ry­lan en­jam­lar bo­ýun we bil-oňur­ga sy­na­la­ry­nyň sag­ly­gy­ny ber­kit­mek­de äh­mi­ýet­li ha­sap­la­nyl­ýar.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz tä­ze bi­na bi­len ta­nyş­ly­gyň do­wa­myn­da onuň ýa­tym­la­ýyn otag­la­ry­nyň üp­jün­çi­li­gi bi­len gy­zyk­lan­dy. Otag­lar­da ra­ýat­la­ry­myz üçin ýo­ka­ry de­re­je­li müm­kin­çi­lik­le­riň dö­re­dil­me­gi­niň wa­jyp­dy­gy­ny bel­läp, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz gur­lu­şyk iş­le­rin­de bol­şy ýa­ly, otag­la­ryň en­jam­laş­dy­ry­ly­şy­na, olar­da dö­re­dil­ýän müm­kin­çi­lik­le­re, iç­ki be­zeg aý­ra­tyn­lyk­la­ry­na äh­mi­ýet be­ril­me­li­di­gi­ni aýt­dy. Hu­su­san-da, ýa­tym­la­ýyn otag­lar­da dö­re­dil­ýän şert­ler hä­zir­ki za­man ta­lap­la­ry­na la­ýyk gel­me­li­dir. Bu ýer­de sag­ly­gy­ny ber­kid­ýän ra­ýat­la­ry­my­zyň wag­ty­ny peý­da­ly ge­çir­mek­le­ri, dür­li be­den­ter­bi­ýe maşk­la­ry­ny ýe­ri­ne ýe­tir­mek­le­ri üçin äh­li ze­rur müm­kin­çi­lik­ler üp­jün edil­me­li­dir.
Bö­lü­miň tür­gen­le­şik za­ly­nyň en­jam­laş­dy­ry­ly­şy ýo­ka­ry hal­ka­ra ül­ňü­le­re la­ýyk gel­ýär. On­da gur­na­lan en­jam­la­ryň her bi­ri adam sy­na­la­ry­na oňyn tä­si­ri­ni ýe­tir­ýär. Sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­niň iş­jeň ta­rap­da­ry luk­man
Ar­ka­da­gy­my­zyň bel­leý­şi ýa­ly, be­den­ter­bi­ýe maşk­la­ry­ny yzy­gi­der­li ber­jaý et­mek adam­la­ryň ýü­rek ur­şu­ny, gan ba­sy­şy­ny ka­da­laş­dyr­ýar we ru­hu­ny gö­ter­ýär. Şeý­le hem bi­na­da ça­ga­lar üçin ni­ýet­le­nen oýun ota­gy­nyň en­jam­laş­dy­ry­lan­dy­gy­ny bel­le­mek ýa­kym­ly. Şy­pa­ha­na­da maş­ga­la bo­lup dynç al­ýan­la­ryň ça­ga­la­ry­nyň oýun ota­gyn­da dür­li güý­men­je­le­riň kö­me­gi ar­ka­ly wag­ty­ny şa­dy­ýan hem-de gy­zyk­ly ge­çir­mek­le­ri üçin giň müm­kin­çi­lik­ler bar.
Soň­ra hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz şy­pa­ha­na­nyň mi­ne­ral suw içil­ýän bö­lü­mi­ne bar­dy. Döw­let
Baş­tu­ta­ny­myz bu ýer­de mi­ne­ral su­wuň ýo­kum­ly­lyk de­re­je­si, ola­ryň ýy­ly­ly­gy we mi­ne­ral su­wy iç­me­giň ka­da­sy ba­ra­da luk­man­la­ryň mas­la­hat­la­ry­nyň yzy­gi­der­li gu­ral­ma­ly­dy­gy­na ün­si çek­di. Mu­nuň özi mi­ne­ral su­wy iç­me­giň sag­ly­gy go­ra­ýyş we şy­pa­ha­na ul­ga­my­nyň kes­git­le­nen ka­da­la­ry­na la­ýyk de­re­je­de ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­gi­ni üp­jün eder.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz to­mus­ky dynç alyş möw­sü­mi­niň do­wam ed­ýän gün­le­rin­de ýur­du­my­zyň ra­ýat­la­ry­nyň «Awa­za» mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gyn­da we şy­pa­ha­na­lar­da bo­lup, dynç al­şyň hö­zi­ri­ni gör­ýän­dik­le­ri­ni we sag­lyk­la­ry­ny ber­kid­ýän­dik­le­ri­ni na­za­ra ala­nyň­da, bu ýe­re gel­ýän­le­riň sa­ny­nyň art­ýan­dy­gy­ny bel­le­di we ola­ra edil­ýän hyz­mat­la­ryň de­re­je­si­ne üns ber­me­gi tab­şyr­dy.
Şy­pa­ha­na­nyň çäk­le­rin­de de­giş­li eko­lo­gi­ýa ýag­da­ýy­nyň sak­lan­ma­ly­dy­gy­ny bel­läp, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ge­ze­lenç et­mek, sport bi­len meş­gul­lan­mak üçin dö­re­dil­ýän şert­le­riň de­re­je­si­ni yzy­gi­der­li gö­zeg­çi­lik­de sak­la­ma­gy tab­şyr­dy. Dynç al­ýan­lar şy­pa­ha­na­nyň müm­kin­çi­lik­le­rin­den ne­ti­je­li peý­da­lan­ma­ly­dyr­lar, olar ulag­la­ry­ny aw­tou­lag du­ral­ga­la­ryn­da go­ýup, ar­ka­ýyn dynç alyp bil­me­li­dir­ler.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­ri we kes­git­le­nen we­zi­pe­le­ri ýo­ka­ry de­re­je­de ýe­ri­ne ýe­tir­mek­de üs­tün­lik ar­zuw edip, bu ýer­den ug­ra­dy.