Garagum sährasy özüniň biodürliligi bilen tapawutlanýar. Bu ýerde gülli ösümlikleriň 750-den gowragy, guşlaryň 200-den gowurak görnüşi duş gelýär. Garagumda yssy jöwza, gyşyň aýazyna çydamly ösümlikler hasaplanýan sazak, sözen, gandym, borjak, ýandak ýaly ösümlikler ösýär. Sazaklaryň iki görnüşli bolýar – gara sazak (ojar) we ak sazak. Ak sazaklara has köp duş gelinýär. Sazaklar çägeleriň süýşmesine aýratyn ähmiýetli ösümliklerdir. Olar demir ýollary, gara ýollar, ilatly ýerleri çäge basmak howpundan goramak maksady bilen ekilýär. Bu işlerde elbetde Repetek biosfera döwlet goraghanasynyň işgärleriniň mynasyp paýlary bardyr.
Repetek biosfera döwlet tebigy goraghanasynda Türkmenistanyň Tebigaty Goramak jemgyýetiniň Lebap welaýat bölüminiň, Lebap welaýat çagalar kitaphanasynyň, Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Türkmenabat agrosenagat orta okuw mekdebiniň, Repetek biosfera döwlet tebigy goraghanasy bilen bilelikde guramaklarynda “Garagum sährasynyň genji-hazynasy” atly okuw maslahaty geçirildi. Onda tebigaty goramak we ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek, Diýarymyzy bagy-bossanlyga öwürmek ugrunda ýetilen sepgitler, ýurt, sebit hem-de dünýä ähmiýetli işleri durmuşa geçirmekde alnyp barylýan giň möçberli işler, Garagum sährasynyň, şol sanda ýurdumyzda ilkinji döredilen Repetek biosfera döwlet tebigy goraghanasynyň biodürlüligi, baý ösümlik we haýwanat dünýäsi barada giňişleýin gürrüňler edildi.
Amaly okuw maslahatynyň barşynda maslahata gatnaşyjylar goraghananyň muzeýinde ýerleşdirilen eksponatlar bilen ýakyndan tanyşyp, goraghananyň işgärleri tarapyndan alnyp barylýan işler bilen gyzyklandylar. Garagum sährasynyň gözel tebigatyny ösümlik we haýwanat dünýäsini wasp edýän surat sergisi maslahata gatnaşyjylarda uly täsirini galdyrdy. Maslahatda Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy Maral Döwletowanyň, Lebap welaýat çagalar kitaphanasynyň baş kitaphanasynyň bölüm müdiri Aýna Minýaşarowanyň bahar paslynda tebigaty goraýjylaryň öňünde uly işleriň durýandygy dogrusynda, şeýle-de Repetek biosfera döwlet goraghanasynyň işgärleriniň çekýän asylly zähmetlerine uly baha berip, bahar gözelliklerine bagyşlanan çykyşlary täsirli boldy.
“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda geçirilýän çäreleriň çäklerinde geçirilen bu amaly okuw maslahatynyň esasy maksady gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan Garagum sährasynyň aýratynlyklaryny wasp etmekden ybarat boldy.
Çykyşlaryň ýörite görkezme esbaplar, fotosuratlar bilen baýlaşdyrylmagy bolsa olaryň täsirliligini artdyrdy.
Şeýle işleriň sakasynda duran Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, alyp barýan il-ýurt bähbitli, adamzat ähmiýetli işleri rowaç alsyn.
Suratda: Jemgyýetiň başlygynyň orunbasary Merdan Jumaýewiň hünärmenleriň, tebigaty söýüjileriň arasynda ýangyn howpunyň öňüni almak barada düşündiriş işlerini geçirilýän pursatlary.
Arslan Merdanow, Türkmenistanyň Tebigaty Goramak jemgyýetiniň Lebap welaýat bölüminiň hünärmeni.
PDF









