Amerikaly türgen Şon Strikland Nýuark şäherinde geçirilen «UFC 328» ýaryşynyň esasy duşuşygynda Birleşen Arap Emirliklerine wekilçilik edýän Hamzat Çimaýewi ýeňlişe sezewar edip, orta agram derejesinde dünýä çempiony diýen ady eýeledi. Bäş raunddan ybarat bolan dartgynly tutluşygyň netijeleri boýunça eminleriň ikisi ýeňşi 48:47 hasabynda Striklanda berdiler, bir emin bolsa şol bir hasap bilen ýeňşi Çimaýewe berdi. Şunlukda, 32 ýaşly Hamzat Çimaýew professional karýerasynda ilkinji gezek ýeňlişe sezewar boldy we özüne degişli bolan çempionlyk kemerini elden berdi.
Söweşiň dowamynda türgenler ýokary derejeli taýýarlygy görkezdiler. Birinji raundda Çimaýew garşydaşyny partere geçirmegi başaran hem bolsa, tutluşygy möhletinden öň tamamlamaga mümkinçilik tapmady. Ikinji raunddan başlap, Strikland goranyşda we urgy takyklygynda öz artykmaçlygyny görkezip, söweşiň galan bölegini, esasan, aýak üstünde dowam etdirdi.
Ýatladyp geçsek, bu duşuşygyň öňüsyrasynda türgenleriň arasynda geçirilen «Gözbe-göz» duralgasynda Çimaýewiň garşydaşyny depmegi netijesinde ýagdaý has-da ýitileşipdi. Emma resmi söweşde durnuklylyk we taktiki takyklyk görkezen Şon Strikland ýeňiş gazanyp, orta agramyň täze liderine öwrüldi.
PDF









