Norwegiýaly okuwçy gezelenç wagty Wikingler döwrüniň gylyjyny tapdy

3

Norwegiýaly okuwçy Henrik Refsnes Mortwedt gezelenç wagty Wikingler döwrüniň 1300 ýaşly gylyjyny tapdy. Bu barada “Ancient Origins” neşiri habar berdi.
Habarda okuwçynyň öz synpdaşlary bilen ekin meýdanynda aýlanyp ýörkä, topragyň aşagyndan ujy çykyp duran metal predmeti görendigini, ony çekip alyp, ýanyndaky uly adamlara görkezendigi aýdylýar. Okuwçynyň bir tygly gylyç tapandygy belli boldy.
Mugallymlar we okuwçylar dessine arheologlara ýüz tutdular. Olar Wikingler döwrüniň başlaryna degişli bolan tapyndynyň ýaşynyň 1300 ýyla deňdigini anykladylar.
Gylyç Oslo şäherindäki medeni-taryh muzeýine gowşuryldy.