Türkmen bedewleriniň dünýädäki abraýy artýar

3

Türk­me­nis­ta­nyň şan-şöh­ra­ty dün­ýä do­lan ahal­te­ke be­dew­le­ri hal­ka­ra gi­ňiş­li­gin­de ýur­du­my­zyň naý­ba­şy ny­şa­ny­na öw­rül­di. Hä­zir­ki wagt­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň
baş­tu­tan­ly­gyn­da türk­men at­çy­lyk sun­ga­ty­ny tä­ze be­lent­lik­le­re gö­ter­mek, be­dew­le­ri­mi­ziň dün­ýä de­re­je­sin­dä­ki ab­ra­ýy­ny has-da ber­kit­mek ug­run­da ta­ry­hy iş­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Mu­ňa ýur­du­my­zyň öňü­miz­dä­ki ab­raý­ly at­çy­lyk çä­re­le­ri­ne we hal­ka­ra ýa­ryş­la­ry­na gat­naş­ma­ga taý­ýar­lyk gör­me­gi aý­dyň su­but­na­ma­dyr.
Şu ýy­lyň 9-10-njy ma­ýyn­da Öz­be­gis­ta­nyň Daş­kent şä­he­rin­de ge­çi­ril­me­gi me­ýil­leş­di­ril­ýän «Gün­do­ga­ryň mer­je­ni» at­ly hal­ka­ra sport we gö­zel­lik bäs­le­şi­gi ahal­te­ke be­dew­le­ri­niň di­ňe bir ýyn­dam­ly­gy­ny däl, eý­sem, ola­ryň tä­sin gö­zel­li­gi­ni hem dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­gi­ne ýe­ne bir ge­zek gör­kez­mä­ge müm­kin­çi­lik be­rer. Be­hiş­di be­dew­le­ri­miz tu­tuş dün­ýä­de be­dew­le­riň daş­ky sy­pa­ty we asyl­ly­ly­gy bo­ýun­ça iň oňat atlar ha­sap­lan­ýar.
«Gün­do­ga­ryň mer­je­ni» at­ly çä­re­ler at­çy­lyk spor­tu­ny ös­dür­mä­ge we Öz­be­gis­tan­da aras­sa gan­ly be­dew­le­ri gör­kez­mä­ge ýar­dam ed­ýän ab­raý­ly hal­ka­ra ýa­ry­şy­dyr. Bäs­le­şik ahal­te­ke we beý­le­ki aras­sa gan­ly at­la­ry ukyp­la­ry­ny gör­kez­mä­ge gö­nük­di­ri­len­dir. Ýa­ryş­la­ra di­ňe bir Öz­be­gis­ta­nyň we­la­ýat­la­ryn­dan ge­len ça­pyk­su­war­lar däl, eý­sem, goň­şy ýurt­la­ryň – Ga­za­gys­ta­nyň, Tä­ji­gis­ta­nyň we Rus­si­ýa­nyň we­kil­le­ri hem gat­naş­ýar­lar. At­ly spor­tuň dür­li gör­nüş­le­ri, şol san­da päs­gel­çi­lik­ler­den bö­küp geç­mek (kon­kur) we beý­le­ki mil­li oýun­lar bo­ýun­ça bäs­le­şik­ler gu­ra­lar.
Türk­men at­çy­la­ry­nyň Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­da ge­çi­ril­ýän meş­hur Wind­zor hal­ka­ra at­ly oýun­la­ry­na gat­naş­ma­gy bri­tan top­ra­gyn­da ahal­te­ke be­dew­le­ri­ne go­ýul­ýan hor­mat­dan ny­şan bo­lup dur­ýar. «Royal Wind­sor Hor­se Show» 1944-nji ýyl­dan bä­ri Wind­zor köş­gün­de, hu­su­sy meý­dan­ça­­da ge­çi­ril­ýän ab­raý­ly ýyl­lyk at­çy­lyk çä­re­si­dir. Şu ýyl­ bu çä­rä­niň
14-17-nji maý ara­ly­gyn­da ge­çi­ril­me­gi me­ýil­leş­di­ril­ýär. Lon­don­da ge­çi­ril­ýän Pa­ty­şa maş­ga­la­sy­nyň at­ly şow­hun­ly çy­kyş­la­ry dür­li gör­kez­me hem-de teatr­laş­dy­ry­lan çy­kyş­la­ry we bäs­le­şik­le­ri öz içi­ne al­ýan köp gün­lük baý­ram­çy­lyk­dyr.
Ahal­te­ke be­dew­le­ri­niň Wind­zor köş­gü­niň meý­dan­ça­syn­da­ky göz­den ge­çi­ri­liş çä­re­le­ri türk­men me­de­ni­ýe­ti­niň dost­luk köp­rü­si­ne öw­rü­ler.
Türk­men be­dew­le­ri­niň hal­ka­ra meý­dan­ça­la­r­da­ky her bir ýeň­şi ýur­du­my­zyň at­çy­lyk pu­da­gyn­da ga­zan­ýan üs­tün­lik­le­ri­niň mi­we­si­dir. Döw­re­bap at­çy­lyk top­lum­la­ry­nyň gu­rul­ma­gy, yl­my-se­ýis­çi­lik iş­le­ri­niň kä­mil­leş­di­ril­me­gi ne­ti­je­sin­de, be­hiş­di be­dew­le­ri­miziň şöhraty barha dünýä dolýar.
«Gün­do­ga­ryň mer­je­ni» bo­lup lo­wur­da­ýan ahal­te­ke be­dew­le­ri Wind­zor meý­dan­ça­la­ryn­dan baş­lap, dün­ýä­niň uly sport are­na­la­ry­na çen­li türk­men hal­ky­nyň buý­san­jy­ny äle­me ýaý­ýar.

Mamajan HAÝTMURADOWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.