Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ilatyň arasynda sagdyn durmuş kadalaryny ornaşdyrmakda we wagyz-nesihat etmekde, raýatlarymyzyň saglyk ýagdaýyny has-da gowulandyrmakda, ýaşlary sagdyn ruhda terbiýelemekde, temmäkä garşy göreşmekde, ýurdumyzy temmäkiden azat ýurda öwürmekde giň gerimli işler alnyp barylýar.
Ylmy barlaglar temmäki tüssesiniň düzüminde müňlerçe himiki jisimleriň saklanyp, olaryň ýüzlerçesiniň zäherlidigini subut edýär. Temmäki diňe bir ony çekýän adama däl, eýsem, töweregindäki adamlara hem uly zyýan ýetirýär.
Temmäkiniň esasy zäheri nikotin bolup, ol nerw awusy hasaplanýar. Temmäkiden zäherlenmäniň ilkinji alamaty baş aýlanmadyr. Wagtyň geçmegi bilen, çalt ýadamak, gyzmaklyk, huş peselme, kelleagyry, ukusyzlyk ýaly newroz alamatlary ýüze çykýar. Çilim ýürege we gan damarlara ýaramaz täsir edýär, olar çeýeligini ýitirip gataýar we daralýar. Çilim çekilende ýürek urşy güýçlenýär. Ýürek sagdyn adamda 1 minutda 70 sapar ursa, çilimkeşlerde 80-90 gezek urýar. Bu ýagdaýda, esasan hem, ýüregi gowşak adamlara kyn düşýär. Çilimkeşleriň ganynda karboksigemoglobin köpelmegi sebäpli ýürek myşsasyna kislorod gelmegi peselýär. Ýürekde gan aýlanyşyk peselse, onuň ýag almagy güýçlenýär. Şeýlelikde, çilimkeşlik ateroskleroza getirýär, ateroskleroz hem işemiýa getirýär.
Çilim tüssesiniň aşgazanyň nemli bardasyny yzygiderli gyjyndyrmagy netijesinde aşgazan turşusyny köp bölüp çykarýar, bu bolsa gastrit keseline getirýär. Eger çilim çekmeýän adam köplenç çilim çekilýän ýerde bolsa dowamly aşgazan-içege kesellerine getirip biler. Çilimkeşleriň diliniň üstünde ak galyň gatlak bolup, iýmitiň tagam duýmasy peselýär. Temmäki nerw duýgurlygyny peseldýär.
Çilimkeşleriň burun boşlugynda dowamly sowuklama yzygiderli bolup duransoň, ys almasy peselýär. Şeýle hem gözi hemişe gyzaryp ýaşarýar, gözüniň görşi, reňk saýgarmasy peselýär. Çilimkeşleriň agyz-burun boşlugynyň dowamly sowuklamasy eşidiş agzalarynyň işini peseldýär.
Temmäki tüssesindäki awuly jisimler we gurum bokurdagyň traheýanyň, bronhallaryň nemli bardasyny gyjyndyryp dürli kesellere getirýär. Alymlar çilimkeşleriň öýkeniniň işjeňliginiň gowşak derejededigini belleýärler. Bu bolsa bedeniň ýokanç kesellere garşy göreşijiligini peseldýär.
Leýla Batyrowa,
Aşgabat şäher neşekeşligiň, arakhorlugyň we ruhy keselleriň öňüni alyş merkeziniň bölüm müdiri.
PDF









