Türkmen topragynda ilkinji ýetişýän miwe tudana bolup, adam saglygy üçin örän peýdalydyr. Bu miwäniň düzüminde şeker, uglewod, ýag, protein, A, B, C, E, K witaminleri, kalsiý, demir, magniý, fosfor, kaliý, natriý, sink ýaly mineraldyr maddalar saklanýar. Tuduň 3-5 santimetr uzynlykdaky maýdajyk däneli miwesiniň süýji tagamy we özüne mahsus hoştap ysy bolýar.
Tudana, esasan, terligine iýilýär. Käte bu miwe käbir tagamdyr süýjülikler taýýarlanylanda hem goşulýar. Şeýle hem ondan toşap gaýnadylýar. Uzak wagtlap saklamak üçin bolsa guradylan görnüşde ýygnalyp goýulýar. Guradylan tudana içegäni arassalaýar we ganazlyga garşy peýdaly serişde bolup hyzmat edýär. Irki döwürlerde halk lukmançylygynda käbir keseliň öňüni almakda we bejermekde tuduň ýapragyndan we miwesinden peýdalanylypdyr. Häzirki wagtda derman senagatynda tuduň ýapragy, miwesi, gabygy we köki dermandyr derini idediji serişdeleri taýýarlamakda ulanylýar.
PDF









