Saud Arabystanynyň çempionaty SPL-de çykyş edýän super ýyldyz Kristiano Ronaldonyň bu ligadaky ilkinji çempionlygyna sekuntlar galanda, ýeňiş elden gitdi we netijede çempion soňky tapgyrda belli bolar.
32-nji tapgyryň çäginde sanawyň lideri “Al-Nassr” öz meýdançasynda 2-nji ýerde barýan “Al-Hilal” topary bilen duşuşdy. Çekeleşikli geçen oýunda “Al-Nassr” topary 37-nji minutda Mohamed Simakanyň goly bilen öňe saýlandy. Bu hasap oýnuň soňuna çenli saklandy. Bu ýeňiş “Al-Nassr” toparyna çempionlyk üçin ýeterlikdi. Ýöne 90+9-njy minutda “Al-Hilal” toparynyň oýunçylary topy gapdaldan oýna girizenlerinde “Al-Nassr” toparynyň derwezeçisi Bento bilen goragçy Inýigonyň arasyndaky düşünişmezlik hasabyň deňlenmegine sebäp boldy. Hiç hili garşydaş topardan päsgelçilik ýok hem bolsa topy Bento tutup bilmedi we derwezeçiniň awtogoly esasynda hasap deňlendi.
Netijede, 2 toparyň arasyndaky 5 utuklyk aratapawut saklandy we çempionlyk soňky tapgyra galdy. Häzirki wagtda 33-nji tapgyryň oýnuny öň geçiren “Al-Nassryň” 83 utugy bolup, 1 oýny kem “Al-Hilalyň” 77 utugy bar.
“Al-Hilal” 16-njy maýda 33-nji tapgyrda öz meýdançasynda “Neom” bilen duşuşar. Bu duşuşykda “Al-Hilal” ýeňiş gazanyp bilmese, “Al-Nassr” çempionlygyny yglan eder. “Al-Hilal” ýeňiş gazanan ýagdaýynda 34-nji tapgyrda “Al-Nassr” ligada galmak üçin göreşýän “Damak” toparyny kabul eder (21-nji maýda).
Ýeri gelende bellesek, “Al-Nassr” 31-nji tapgyrda ähli ýaryşlary hasaba alanyňda, 20 ýeňişden soň, “Al-Kadsiýadan” 3-1 hasabynda ýeňlipdi.
Şeýle-de, “Al-Hilal” 32 oýunda ýeke gezek hem ýeňilmedi (23 ýeňiş, 9 deňlik).
PDF









