Ançelotti Braziliýanyň giňeldilen düzümine Neýmary hem çagyrdy

14

Dünýä Kubogy 2026-a gatnaşýan toparlaryň düzümleri giňeldilen görnüşde ýa-da final sanawy görnüşde mälim edilmegini dowam edýär. Iň köp çempionlyk gazanan Braziliýanyň ýygyndysynyň italiýaly tälimçisi Karlo Ançelotti 55 futbolçydan giňeldilen düzümi mälim etdi. Ussat tälimçi toparyň düzümine şikesden saplanan super ýyldyz Neýmar Juniory hem çagyrdy. Şol sanda 41 ýaşyndaky weteran goragçy Tiago Silwa hem sanawda orun aldy. Çagyrylan oýunçylaryň 20-si brazil klublarynda oýnaýan futbolçylardyr. Ançelotti bu 55 oýunçydan düzülen sanawy 1-nji iýuna çenli 26 futbolça düşürer.

Meksikadyr ABŞ-nyň hem-de Kanadanyň bilelikde gurajak 23-nji Dünýä Kubogy 11-nji iýunda başlap, Braziliýanyň ýygyndysy “C” toparçada Gaitiniň, Şotlandiýanyň hem-de Marokkonyň ýygyndylary bilen duşuşar.

 

DERWEZEÇILER

Alisson Beker (Liwerpul)

Ederson Moraes (Fenerbahçe)

Bento (Al-Nassr)

Hugo Souza (Korintians)

Wewerton (Gremio)

Jon Wiktor (Nottingam Forest)


GORAGÇYLAR

Tiago Silwa (Porto)

Markinios (Pari Sen-Žermen)

Danilo Luiz (Flamengo)

Aleks Sandro (Flamengo)

Gabriel Magalhaes (Arsenal)

Bremer (Ýuwentus)

Fabrisio Bruno (Kruzeiro)

Wesli (Roma)

Duglas Santos (Zenit)

Rojer Ibanýes (Al-Ahli)

Karlos Augusto (Inter)

Aleksandro (Lill)

Leo Ortiz (Flamengo)

Leo Pereira (Flamengo)

Paulo Henrike (Wasko da Gama)

Witinio (Botafogo)

Kaiki (Kruzeiro)

Luçiano Juba (Bahia)

Witor Reis (Žirona)


ÝARYMGORAGÇYLAR

Kazemiro (Mançester Ýunaýted)

Lukas Paketa (Flamengo)

Bruno Gimaraýns (Nýukasl)

Fabinio (Al-Ittihad)

Žerson (Kruzeiro)

Andres Pereira (Palmeiras)

Žoao Gomes (Wulwerhempton)

Andreý Santos (Çelsi)

Ederson (Atalanta)

Danilo Santos (Botafogo)

Gabriel Sara (Galatasaraý)

Mateus Pereira (Kruzeiro)


HÜJÜMÇILER

Neýmar Junior (Santos)

Gabriel Žesus (Arsenal)

Rişarlison (Tottenham)

Winisius Junior (Real Madrid)

Rafinýa (Barselona)

Gabriel Martinelli (Arsenal)

Mateus Kunýa (Mançester Ýunaýted)

Antoni (Betis)

Endrik (Lion)

Luiz Henrike (Zenit)

Žoao Pedro (Çelsi)

Igor Žesus (Nottingam Forest)

Igor Tiago (Brentford)

Pedro (Flamengo)

Kaio Horge (Kruzeiro)

Raýan (Bornmut)

Samuel Lino (Flamengo)