“Ýüzükleriň hökümdary” filmleriniň režissýoryna hormat sylagy gowşuryldy

12

Kino sungatynyň iň abraýly film festiwaly hasaplanýan Kann kino şüweleňine badalga berildi. 79-njy gezek geçirilýän festiwalyň açylyş dabarasy geçirilip, ol 23-nji maýa çenli dowam eder.

Ýyldyzlaryň gyzyl halydan geçişligi bilen başlanan festiwalyň ilkinji gününde ussat režissýor, “Ýüzükleriň hökümdary”, “Hobbit” ýaly ýatdan çykmajak trilogiýalary surata düşüren, Täze zelandiýaly Piter Jeksona “Altyn palma” hormat baýragy gowşuryldy. Ol bu baýragy “Ýüzükleriň hökümdary” filmlerinde Frodonyň keşbini ýerine ýetiren Elaýja Wuduň elinden aldy.

Festiwalda jemi 22 film baş baýrak bolan “Altyn palma” hem-de beýleki baýraklar ugrunda göreş alyp bararlar. Şol filmleriň arasynda Rýusuke Hamaguçi, Pedro Almodowar, Lukas Dont, Pawel Pawlikowski, Kristian Mungiu, Na Hon-Žin, Andreý Zwýaginsew, Laslo Nemes, Koži Fukada, Asgar Farhadi, Hirokazu Kore-eda, Artur Harari ýaly meşhur režissýorlaryň soňky kinolary bolup, bu ýyl Hollywood filmleriniň sanynyň juda az bolmagy aýratyn ünsi çekýär.

Bu ýylky ýeňijileri kesgitlejek eminler toparyna koreýaly meşhur režissýor Pak Çan Wuk ýolbaşçylyk edýär. Onuň ýolbaşçylyk edýän eminler toparynda bolsa çilili režissýor Diego Sespedas, kot-d’iwuarly aktýor Aýzaak de Bankole, irlandiýaly ssenariçi Pol Lawerti, amerikaly meşhur aktrisa Demi Mur, asly Efiopiýadan irlandiýaly aktrisa Rut Negga, şwesiýaly belli aktýor Stellan Skarsgard, belgiýaly režissýor Lauara Wandel, hytaýly meşhur režissýor, Oskar gazanan zenan Hloe Çžao dagy çagyryldy.