Meşhur žurnalist Wladimir Molçanow aradan çykdy

13

Russiýanyň tanymal žurnalisti, köp sanly teleýaýlym gepleşikleriniň awtory we alyp baryjysy Wladimir Molçanow 75 ýaşynda aradan çykdy. Bu barada merhumyň ýakyn dosty, žurnalist we ýazyjy Ýuriý Rosta salgylanmak bilen TASS agentligi habar berýär. 1980-nji ýyllaryň ahyrynda «Wremýa» gepleşiginiň redaksiýasynda işläp başlan Molçanow, esasanam, meşhur «Ýarygijeden öň we soň» atly gepleşigi arkaly giň meşhurlyga eýe bolupdy.

Žurnalistik işine 1973-nji ýylda «Nowosti» metbugat agentliginde terjimeçi we habarçy hökmünde başlan Wladimir Molçanow karýerasynyň dowamynda «90 minut», «120 minut», «Şahsy durmuş» ýaly birnäçe iri gepleşikleri alyp bardy. Onuň žurnalistika pudagyndaky bitiren hyzmatlaryna ýokary baha berlip,  2001-nji ýylda «TEFI» baýragyna, Russiýanyň Žurnalistler birleşiginiň «Russiýanyň altyn galami» sylagyna we 2011-nji ýylda Hormat ordenine mynasyp bolupdy.