BMG: Ýer ýüzünde tokaýlyklaryň meýdany azalýar

6

Birleşen Milletler Guramasynyň Tokaýlar boýunça forumynyň 21-nji sessiýasynyň açylyşynda hödürlenen täze hasabata görä, 2015-nji ýyldan 2025-nji ýyla çenli bolan döwürde dünýäde tokaýlyklaryň meýdany 40 million gektardan gowrak azalypdyr. Halkara bilermenleri tokaýlaryň howanyň üýtgemegine garşy göreşde we azyk howpsuzlygynyň berkidilmeginde strategik ähmiýete eýedigini nygtaýarlar, emma muňa garamazdan, bu gymmatly ekoulgamlaryň ýok bolup gitmek howpy heniz hem dowam edýär. BMG-niň 2017-2030-njy ýyllar üçin Tokaýlar boýunça strategik meýilnamasynyň amala aşyrylyşyna berlen bu baha, dünýäniň tokaý serişdeleriniň ýaryndan gowragyna eýe bolan 48 ýurduň maglumatlaryna esaslanýar. Hasabatda durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin tokaýlara maýa goýumlaryny gönükdirmegiň geljekki nesilleriň abadançylygyndaky möhüm orny bellenilip geçilýär. Şol sanda tokaý meýdanlarynyň azalmagynyň öňüni almak we bu ekoulgamlara garaşly ilatyň garyplyk derejesini peseltmek ugrunda alnyp barylýan işleriň heniz ýeterlik däldigi nygtalýar.

Häzirki wagtda dünýä tokaýlarynyň 54 göterimi bäş sany iri döwletiň – Russiýanyň, Braziliýanyň, Kanadanyň, ABŞ-nyň we Hytaýyň paýyna düşýär. Käbir ýurtlarda, hususan-da Russiýada tokaýlary dikeltmek boýunça meýilnamalaýyn işler alnyp barylsa-da, umumy ösüş deňölçegli bolman galýar. Esasy wehimleriň hatarynda ýerlerden peýdalanmagyň tertibiniň üýtgemegi, howanyň birden üýtgemegi, tokaý ýangynlary we bikanun agaç kesilmegi ýaly ýagdaýlar görkezilýär. BMG-niň Tokaýlar boýunça forumynyň wekilleri Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak üçin bäş ýyldan az wagtyň galandygyny ýatladyp, bu ugurda syýasy erkiň berkidilmeginiň, maliýe gurallarynyň kämilleşdirilmeginiň we pudagara utgaşyklygyň üpjün edilmeginiň wajypdygyna aýratyn ünsi çekdiler.