Russiýanyň Ural daglary, Gazagystanyň Çaryn we Žoňgar-alatawy milli goraghanalary we Moldowanyň Nižniý Prut biosfera goraghanasy Bütindünýä sanawynyň üstüni ýetirdi. 23-28-nji iýul aralygynda Indoneziýanyň Palembang şäherinde ÝUNESKO-nyň “Adam we biosfera” maksatnamasynyň Halkara koordinasion geňeşiniň nobatdaky maslahaty geçirildi. Oňa gatnaşyjylar biosfera goraghanalarynyň Bütindünýä sanawyna 24 sany täze mekany, şol sanda Russiýadaky, Gazagystandaky we Moldowadaky goraghanalary girizmeli diýen karara geldiler.
– Bu ekoulgamlarda biodürlüligi goramak we tebigy baýlyklary oýlanyşykly peýdalanmak durnukly ösüş üçin iň esasy şert bolup durýar – diýip, ÝUNESKO-nyň baş direktory Odri Azulaý mälim etdi. Şeýle-de ol bu tebigy ýerleriň ynsanlar bilen tebigatyň arasyndaky sazlaşykly özara gatnaşyklarda özboluşly barlaghana bolup, munuň bilim alyş-çalşygyna hem-de ýerli ilatyň ýaşaýşyny gowulandyrmaga ýardam berýändigini belledi.
Şu günki günde biosfera goraghanalarynyň Bütindünýä sanawyna eýýäm, 122 ýurtdaky 686 desga girizildi. Bu sanaw has dürli-dürli ekoulgamlary – kenar zolaklaryndan we adalardan başlap, tä daglyk etraplary, ulanylýan suwly-batgalyk ýerleri, tropik tokaýlyklary we gurak zolaklary öz içine alýar. ÝUNESKO-nyň bu abraýly sanawynda ilkinji gezek Moldowanyň we Mozambikiň desgalary peýda boldy.
Biosfera goraghanalary – bu biodürlüligi öwrenmek üçin “diri barlaghanalar” saýylýan çäkleri we tebigy gorlary dürli çemeleşmeler arkaly toplumlaýyn öwrenmek üçin meýdan bolup hyzmat edýär.
ÝUNESKO tarapyndan 1970-nji ýylda esaslandyrylan “Adam we biosfera” maksatnamasy adamyň we tebigatyň özara gatnaşygyna gönükdirilen ylmy döwletara taslamasy bolup durýar.