GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine taýýarlyk görülýär

17

15-nji maýda geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine taýýarlyk görlüşi hasabat berdi.
Mälim bolşy ýaly, şu ýyl Türkmenistan GDA-da başlyklyk edýär. Ýurdumyzyň Arkalaşykda başlyklyk etmeginiň çäklerinde şu ýylyň başyndan bäri dürli geňeşleriň, komissiýalaryň mejlisleri we beýleki duşuşyklar geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, 22-nji maýda GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň Aşgabat şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilýär. Daşary işler ministrligi tarapyndan Arkalaşygyň Ýerine ýetiriji komiteti bilen bilelikde duşuşyga taýýarlyk görmek boýunça degişli işler alnyp barylýar.
Taýýarlanan maksatnamanyň taslamasyna laýyklykda, 22-nji maýda hormatly Prezidentimiz bilen GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşine gatnaşjak wekiliýet ýolbaşçylarynyň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyklaryň guralmagy göz öňünde tutulýar. Şeýle hem wekiliýet ýolbaşçylarynyň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyklaryň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Şol gün wekiliýet ýolbaşçylarynyň degişli düzümlerde mejlisleriniň geçirilmegi göz öňünde tutulýar. Olaryň gün tertibiniň taslamasyna laýyklykda möhüm meseleleriň birnäçesi ara alnyp maslahatlaşylar. Şeýle hem mejlisler tamamlanandan soňra, resminamalara gol çekmek dabarasy geçiriler.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Bitarap ýurdumyzyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy bilen söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz wise-premýer, daşary işler ministrine Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gowy taýýarlyk görmegi we ony ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.