Türki dilleriň umumy terminologiýa binýady dörediler

1

Türki döwletleriň guramasyna (TDG) agza ýurtlaryň umumy terminologiýa binýadyny kemala getirmek maksady bilen, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Guramanyň çäginde Hökümetara terminologiýa komissiýasyny döretmegi teklip etdi. 15-nji maýda Gazagystanyň Türkistan şäherinde geçirilen TDG-niň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl sammitinde çykyş eden gazak lideri tehnologik ösüşiň we ynsanperwer integrasiýanyň häzirki döwründe türki dilleriň umumy terminologik binýadynyň döredilmeginiň möhüm zerurlykdygyny aýratyn nygtady.
Munuň özi ylmy gatnaşyklary we gurama agza ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy täze derejä götermäge mümkinçilik berer. Teklip edilýän täze komissiýanyň düzümine agza döwletleriň degişli edaralarynyň wekilleri hem-de ylmy bilermenleri girer. Munuň bilen birlikde, Türki akademiýa tarapyndan, eýýäm, iňlis, rus we türki dillerde sekiz jiltlik terminologik sözlügiň neşir edilendigi, bu gymmatly gollanmanyň terminleri birleşdirmekde hem-de umumy ylmy giňişligi berkitmekde möhüm binýat bolup hyzmat etjekdigi bellenildi.