Birleşen Arap Emirlikleri täze halkara taslamany durmuşa geçirýär

2

Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi emirliginde dünýäde iň kämil tehnologik we medeni-dynç alyş merkezleriniň biri boljak täze desga gurlar. Ýurduň Medeniýet we syýahatçylyk departamenti tarapyndan goldanylýan hem-de ABŞ-dan daşarda ilkinji gezek amala aşyrylýan bu halkara taslamanyň gurluşygyna 1,7 milliard amerikan dollary möçberinde maýa goýumlary goýlar. Dünýäniň iň döwrebap we futuristik taslamalarynyň biri bolan bu ägirt uly toplumyň 2029-njy ýylyň ahyryna çenli ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýär hem-de ol sebitiň halkara syýahatçylyk we döredijilik pudagyndaky ornuny has-da berkitmäge ýardam eder.
Hünärmenleriň bellemegine görä, Ýas adasynda ýerleşjek bu toplum 20 müň tomaşaçyny kabul etmäge ukyply bolup, ol iň täze nesliň audio we wizuallaryny özünde jemleýän multimodal giňişlik bolar. Ägirt uly gümmez şekilli desganyň daşky tarapy ýörite yşyklandyryş ulgamlary bilen enjamlaşdyrylyp, ol ýerde halkara medeni çäreler bilen bir hatarda ýerli arap medeniýetiniň hem-de mirasynyň nusgalary sanly sungat arkaly görkeziler. Şeýle hem bu taslama halkara syýahatçylyk akymyny ýokarlandyrmaga, täze iş orunlaryny döretmäge we döwrebap düzümleri ösdürmäge uly goşant goşar.