Russiýanyň Prezidenti HHR-e sapar eder

0

Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň şu ýylyň 20-nji maýynda Hytaý Halk Respublikasyna iş saparyny amala aşyrmagyna garaşylýar. Halkara metbugat serişdeleriniň, şol sanda «South China Morning Post» gazetiniň berýän maglumatlaryna görä, bu sapar iki taraplaýyn hyzmatdaşlygyň durnukly we yzygiderli häsiýete eýedigini görkezýän nobatdaky diplomatik çäre bolar. Russiýanyň döwlet Baştutanynyň amala aşyrjak bu saparynyň barşynda ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklar we sebitara hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary ara alnyp maslahatlaşylar.
Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň metbugat sekretary tarapyndan tassyklanylyşy ýaly, gepleşikleriň esasy gün tertibini özara haryt dolanyşygyny has-da artdyrmak, energetika pudagyndaky hyzmatdaşlyk hem-de halkara ähmiýetli wajyp meseleler düzer. Taraplar iki ýurduň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljegini, şol sanda energetika ulgamyndaky täze taslamalary ösdürmek we energiýa serişdeleriniň iberilişini diwersifikasiýalaşdyrmak mümkinçiliklerini gözden geçirerler. Bu duşuşyk taraplaryň özara bähbitli ykdysady gatnaşyklary has-da giňeltmäge ygrarlydyklaryny subut edýär.