Hytaý Halk Respublikasynda meýdany 1,22 million inedördül metre barabar bolan we dünýäde iň uly hasaplanýan täze ýokary tizlikli demir ýol menzili ulanmaga berildi. Bu ägirt uly desga Ýewropanyň iň iri wokzaly bolan Leýpsigiň «Hauptbahnhof» duralgasyndan tas 15 esse, Ýaponiýanyň «Nagoýa» stansiýasyndan bolsa, takmynan, üç esse uludyr. Ýurduň iri megapolisleriniň biri bolan Çunsinde gurlan täze Gündogar wokzaly 15 platformany we 29 demir ýol ugruny öz içine alýar. Bu ýerden gatnaýan ýokary tizlikli otlular sagatda 350 kilometra çenli tizlikde hereket edýärler. Şenbe we ýekşenbe günleri hem üznüksiz işleýän bu toplum diňe bir ulag merkezi bolman, eýsem, düzüminde metro, awtobus duralgalaryny, söwda we iýmitleniş zolaklaryny jemleýän köpugurly şäher merkezine öwrüldi.
Şeýle ägirt uly taslamanyň durmuşa geçirilmegi Hytaýyň soňky 30 ýylyň dowamynda alyp barýan düzümleýin özgertmeleriniň we garyplyga garşy göreşmek boýunça döwlet strategiýasynyň nobatdaky üstünlikli ädimidir. Häzirki wagtda HHR dünýäde iň uzyn – 50 müň kilometrden gowrak ýokary tizlikli demir ýol ulgamyna eýedir. Çunsin şäheriniň çylşyrymly daglyk şertlerinde we 40 gradusa ýetýän yssy howada gurlan täze wokzalyň gurluşygynda 2 million kub metre golaý beton we 366 müň tonna polat ulanyldy. Desganyň binagärlik aýratynlygy bolan we agramy 16,5 müň tonna barabar bolan gümmezi 41 metr beýiklikdäki polat sütünleriň üstünde oturdyldy. Bu megataslama ýurduň sebitara ykdysady gatnaşyklaryny berkitmekde hem-de halkara giňişliginde Hytaýyň tehnologik kuwwatyny görkezmekde möhüm ähmiýete eýedir.
PDF









