Hindistanyň Premýer-ministri Ýewropa saparyna başlady

2

15-nji maýda Hindistan Respublikasynyň Premýer-ministri Narendra Modi resmi Ýewropa saparynyň çäklerinde Niderlandlar Patyşalygyna geldi. Alty günlük Ýewropa we Ýakyn Gündogar turnesiniň barşynda belent mertebeli myhman Gaaga şäherinde Niderlandlaryň Patyşasy Willem-Aleksandr we şanyň aýaly Maksima, şeýle hem ýurduň Premýer-ministri Rob Ýetten we iri işewürlik wekilleri bilen duşuşyklar geçirdi. Taraplar goranmak, howpsuzlyk, innowasiýalar we energetika ulgamlarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Niderlandlaryň DIM-niň maglumatlaryna görä, iki ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygy 2024-2025-nji ýyllarda 27,8 milliard ABŞ dollaryna barabar boldy.
Saparyň indiki tapgyrynda Narendra Modiniň Şwesiýanyň Premýer-ministri Ulf Kristersson we Ýewropa Komissiýasynyň Başlygy Ursula fon der Lýaýen bilen duşuşmagyna, şeýle hem Ýewropanyň senagatçylarynyň tegelek stolunyň mejlisine gatnaşmagyna garaşylýar. Şondan soňra, Hindistanyň hökümet Baştutany Norwegiýanyň paýtagty Oslo şäherinde geçiriljek üçünji «Hindistan – Demirgazyk ýurtlary» atly sammite gatnaşyp, bu sebitiň döwletleriniň ýolbaşçylary bilen tehnologiýalar, gaýtadan dikeldilýän energiýa, kosmos we Arktika boýunça hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşar. Hindistanyň Premýer-ministriniň Ýewropa sapary 20-nji maýda Italiýada bu ýurduň Premýer-ministri Jorja Meloni bilen duşuşykdan soň jemlener.