“Maşa we Aýy” atly meşhur rus animasion serialynyň suratkeş-multiplikatory Oleg Kuzowkow şeýle at bilen ýakynda doly göwrümli çeper filmi surata düşürmekçi. Bu barada “Variety” neşirine salgylanýan “Gazeta.ru” habar berýär. Ol özüniň döredijilik toparynyň multfilmiň gahrymanlaryny dünýäniň tomaşaçylaryna täze görnüşde hödürlejekdigini, onda asyl nusgadaky gülkili we şowhunly äheňleriň saklanjakdygyny gürrüň berýär. Aslynda bu multfilm 2009-njy ýylyň ýanwarynda çykypdy. Dünýä döwletlerinde uly meşhurlyga eýe bolan filmi Beýik Britaniýanyň, Germaniýanyň, Fransiýanyň, Italiýanyň, Kanadanyň, Ispaniýanyň, Latyn Amerikanyň we Ýakyn Gündogar ýurtlarynyň teleýaýlymlary görkezdiler. Täze dörediljek filmiň 2028-nji ýylyň ahyrynda tamamlanmagyna garaşylýar.
Mährem BABAMYRADOWA, Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň talyby,
Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi.
PDF







