Konstitusiýa binasyna we ýurdumyzyň Baş baýdagyna gül goýmak dabaralary geçirildi

1

18-nji maýda paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Konstitusiýa binasyna we ýurdumyzyň Baş baýdagyna gül goýmak dabaralary geçirildi.

Irden Köpetdagyň ajaýyp künjeginiň gözelligi bilen sazlaşykly utgaşýan Konstitusiýa binasynyň ýanynda Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, daşary ýurtlaryň hem-de halkara guramalaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, hormatly ýaşulular, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, talyplar, medeniýet işgärleri, paýtagtymyzyň köp sanly ýaşaýjylary ýygnandylar. Konstitusiýa binasynyň ýanynda merdana Watan goragçylary hatara düzüldiler.

Hormatly Prezidentimiziň awtoulagy binanyň öňündäki baýramçylyk öwüşgininde bezelen ýere gelýär. Hemmeler uly ruhubelentlik bilen döwlet Baştutanymyzy mähirli mübärekleýärler. Hormatly Prezidentimiz haly düşelen ýoda bilen ýörite ýere geçýär. Ýodanyň iki tarapynda Watanymyzyň daýanjy bolan talyp ýaşlar hatara durlar. Ýaş nesliň wekilleriniň elinde Döwlet baýdagymyz buýsançly parlaýar.

Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlanýar.

Döwlet Baştutanymyz Watanymyzyň özygtyýarlylygynyň, döwlet esaslarynyň, demokratik ýörelgeleriniň bitewüligini, halk häkimiýetliliginiň köpasyrlyk däplerini alamatlandyrýan Konstitusiýa binasyna ajaýyp gül çemenini goýdy.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň göreldesine eýerip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Mejlisiň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, hormatly ýaşulular, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, dabara gatnaşyjylaryň ählisi gül desselerini we çemenlerini goýýarlar.

Konstitusiýa binasyna gül goýmak dabarasy tamamlanandan soňra, dabaralar Baş baýdak meýdançasynda dowam etdi. Bu ýerde dünýäde iň belent baýdak sütünleriniň biri ýerleşýär. 133 metr belentlikde Türkmenistanyň Döwlet baýdagy buýsançly parlaýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň awtoulagy Baş baýdagyň öňündäki meýdança gelýär. Bu ýere ýygnananlar döwlet Baştutanymyzy mähirli mübärekleýärler.

Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlanýar.

Hormatly Prezidentimiz Baş baýdaga ajaýyp gül çemenini goýýar. Soňra dabara gatnaşyjylar döwlet Baştutanymyzyň göreldesine eýerip, gül desselerini goýýarlar.

Döwlet Baştutanymyz hemmeleri şanly seneler bilen tüýs ýürekden gutlap, bu ýerden ugrady.

Bu beýik baýramy uly zähmet sowgatlary, täze üstünlikler bilen garşy alan halkymyz ertirki güne bolan synmaz ynamyny dünýä äşgär edýär. Konstitusiýamyz hem-de Döwlet baýdagymyz Watanymyzy parahatçylygyň, ösüşiň we abadançylygyň ýoly bilen täze belentliklere tarap alyp barýan ýolgörkeziji bolmagynda galýar.