1962-nji ýylyň 19-njy maýynda Nýu-Ýork şäheriniň Medison meýdança bagynda ABŞ-nyň prezidenti Jon F.Kennediniň doglan gününe bagyşlanan dabara geçirilýär. Şol dabarada häzirki wagtda dünýäniň iň meşhur aýdymy hasaplanýan Merilin Monronyň “Doglan günüň bilen!” aýdymy ýerine ýetirilýär.
“Happy Birthday to You” ýa-da gysgaça “Happy Birthday” häzirki wagtda doglan gün dabaralarynda aýdylýan iň meşhur aýdymlaryň biridir. Aýdymyň gysgajyk sözleri şol bir heňde beýleki dillerde hem ýerine ýetirilýär. 1998-nji ýyldaky Ginnesiň rekordlar kitabyna görä, bu iňlis dilinde iň meşhur aýdym hasaplanýar. Ikinji ýerde “For He’s a Jolly Good Fellow” gelýär. “Happy Birthday to You” aýdymynyň sazy 1893-nji ýylda amerikaly, uýalar Petti we Mildred J. Hille degişli diýlip hasaplanýan “Good Morning to All” (Hemmäňiziň ertiriňiz haýyrly bolsun!) aýdymyndan gelip çykýar. Emma bu aýdymy uýalaryň döredendigi jedelli bolmagynda galýar.
PDF








