Dünýäde elektroulag satuwy aprel aýynda 6% artyp, 1,6 milliona ýetdi. Edarasy Londonda ýerleşýän «Benchmark Mineral Intelligence» kompaniýasynyň maglumatyna görä, Ýewropa elektroulag satuwynda öňdeligi eýeledi. Sebitde mart aýynda hem bu ugurda rekord goýlupdy. Geçen aýda bolsa, artyş dowam edip, elektroulag satuwy 400 müňden geçdi.
Hytaýda bolsa, elektroulag satuwy 8% azalyp, 850 müň bolupdyr. Şeýle-de bolsa, ýurduň elektroulag eksporty artypdyr. Bir aýyň dowamynda ýurt 400 müňden gowrak elektroulag eksport edipdir. Ýylyň 4 aýynda bolsa, jemi 1,4 million elektroulag daşary ýurtlara iberilipdir. Ýewropa, Günorta Amerika we Günorta-Gündogar Aziýa ýaly ýurtlarda hytaý elektroulaglarynyň satuwy artdy.
ABŞ-da we Kanadada elektroulag satuwy azalan bolsa, Meksikada ösüş gazanylypdyr. Ýylyň başyndan bäri dünýäde jemi 5,6 million elektroulag satylypdyr.
Ybraýym Parahadow,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyby.
PDF









