Gadymy emeli ada tapyldy

2

Şot­lan­di­ýa­da 5 müň ýyl ozal adam eli bi­len dö­re­di­len eme­li ada­nyň üs­ti açyl­dy. De­ňiz ar­heo­log­la­ry Lýuis ada­syn­da Loç Bor­gas­teýl at­ly köl­dä­ki ki­çi­jik ada­nyň daş bi­len ör­tü­len üst­ki gat­la­gy­nyň as­tyn­da uly agaç plat­for­ma­nyň bar­dy­gy­ny anyk­la­dy­lar. So­ut­gemp­ton hem-de Re­ding uni­wer­si­tet­le­ri­niň bi­ler­men­le­ri ta­ra­pyn­dan ama­la aşy­ry­lan iş ýalpak suw­ly ýer­ler­de ar­heo­lo­gik ýaz­gy et­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýän tä­ze teh­no­lo­gi­ýa ar­ka­ly ama­la aşy­ryl­dy. Ada­nyň go­la­ýyn­da dür­li gap-gaç­la­ryň hem üs­tün­den ba­ryl­dy.
«Advances in Archaeo­lo­gical Practice» at­ly žur­nal­da çap edi­len ma­ka­la­da ada­nyň neo­lit döw­rün­de gur­lan­dy­gy we soň­ky ýyl­lar­da hem adam­lar ta­ra­pyn­dan gaý­ta­dan ula­ny­lan­dy­gy mä­lim edil­di.
Şot­lan­di­ýa­da, Ir­lan­di­ýa­da we Gal­ler­de ir­ki dö­wür­ler­de köl­ler­de, bat­ga­lyk­lar­da, aý­lag­lar­da «cran­nog» diý­lip at­lan­dy­ryl­ýan eme­li ada­lar dö­re­di­lip­dir. Bu gur­luş­la­ryň nä­me mak­sat bi­len ula­ny­lan­dy­gy hä­zi­re çen­li anyk­lan­ma­dy. Bu ada­la­ry gur­mak üçin agaç­lar­dan, do­ka­lan hy­şa­lar­dan we daş­lar­dan peý­da­la­ny­lyp­dyr.

Jemile Pirjikowa,
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň talyby.