Ewerest dagyna çykmak möwsümi açyldy

1

Dün­ýä­niň iň be­ýik no­ka­dy bo­lan Ewe­rest da­gy­na çyk­mak üçin ba­har möw­sü­mi açyl­dy hem-de da­ga dyr­ma­şy­jy­la­ryň geç­jek ýo­ly res­mi taý­dan tas­syk­lan­dy. Bu ba­ra­da da­ga çyk­ma­gy gu­ra­ýan «Seven Sum­mit Treks» kom­pa­ni­ýa­sy ha­bar ber­di. Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, şer­pa­lar­dan eme­le ge­len to­par da­gyň de­pe­si­ne çen­li ba­ryp, ge­rek­li ýüp­le­ri dü­şäp, ge­çil­jek ug­ry kes­git­läp­dir­ler. Ewe­res­tiň esa­sy düşelgesinden çür de­pä çen­li bar­ýan ýo­luň res­mi taý­dan açy­lan­dy­gy hem mä­lim edil­di.
Ne­pa­lyň Sy­ýa­hat­çy­lyk mi­nistr­li­gi bu ýyl 425 da­şa­ry ýurt­la Ewe­res­te çyk­ma­ga rug­sat ber­len­di­gi­ni mä­lim et­di. Müň­den gow­rak şer­pa bol­sa ola­ra ýol­be­let­lik eder. Adat­ça, da­ga çyk­ma­gyň ba­har möw­sü­mi ap­rel-maý aý­la­ryn­da 1,5 aý tö­we­re­gi bol­ýar. Em­ma bu ýyl ýo­luň ug­run­da­ky buz­luk­la­ryň bi­ri­niň dö­wül­me­gi se­bäp­li bu möw­süm yza süý­şü­ril­di.
Da­ga dyr­ma­şy­jy­lar ýo­luň ug­run­da gur­lan ça­dyr­lar­da düş­läp geç­ýär­ler. Da­gyň 5 müň 400 metr be­lent­li­gin­de esa­sy dü­şel­ge bar. On­dan aňyr­da bol­sa, ýe­ne-de 4 sa­ny dü­şel­ge bar. Da­ga dyr­ma­şy­jy­lar esa­sy dü­şel­ge­den ge­çen­soň, il­ki bi­len Hum­bu buz­lu­gyn­dan geç­me­li bol­ýar­lar. On­dan soň­ra Gün­ba­tar sir­ki at­ly giň we te­kiz jül­ge bar. Esa­sy dü­şel­ge­den ýo­kar­da­ky bi­rin­ji dü­şel­ge 6 müň 100, 2-nji dü­şel­ge 6 müň 400 metr be­lent­lik­de şol jül­ge­de ýer­leş­ýär. On­dan soň­ra da­ga dyr­ma­şy­jy­lar 7 müň 400 metr be­lent­lik­de Lhot­ze da­gy gö­rün­ýän 3-nji dü­şel­gä hem-de 8 müň metr be­lent­lik­dä­ki Gü­nor­ta ge­riş­dä­ki 4-nji dü­şel­gä bar­ýar­lar.

Aýjahan Allanazarowa,
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň mugallymy.