Çarlaga meňzeş murtly guş Ýuwaş ummanyň kenaryndaky gaýalarda we adalarda ýaşaýar. Diňe Peruda, Çilide we Ekwadorda duş gelýän täsin guşa ylmy dilde «Larosterna inca» (Inka çerigi) diýilýär. Guşuň ylmy ady «larus» (ýyrtyjy deňiz guşy/gara guş) we «sterna» (terna/çarlak) sözleriniň birleşmeginden emele gelipdir. Inka çerigi (çerik – çarlaga meňzeş kiçijik guş, Inka – gadymy imperiýanyň ady) Günorta Amerikanyň kenarýaka sebitinde ýaşap geçen gadymy Inka imperiýasynyň adyny göterýär.
Inka çeriginiň beýleki guşlardan tapawutlanýan esasy aýratynlygy murta meňzeş ak ösüntginiň bolmagydyr. Gara guşlar
1 ýaşyna ýetende çüňküniň iki gapdalyndan towlanyp duran murtlar ösüp çykýar. Garamtyl-çal tüýli bu guşuň çüňki we aýagy gyzylymtyl-mämişi reňkde bolýar.
Ökde awçylar hasaplanýan murtly guşlar suwuň 1 metre çenli çuňlugyna çümüp, ownuk balyklary awlaýarlar. Agramy 190-230 grama ýetýän Inka çeriginiň göwresi 39-42 santimetr aralygynda bolýar. Barmagynyň arasy ördegiňki ýaly perdeli bolýan bu guşlar daş aralyga uçmak bilen bir hatarda, uzak wagtlap ýüzüp bilýärler. Murtly guşuň ýaşy ulaldygyça reňki hem şonça goýalýar, ýagny şar gara bolýar.
Inka çerigi beýleki guşlar ýaly göçüp-gonup ýörmeýär. Bu guşlar iýmitlenmek üçin bir ýere jemlenýärler. Her sürüde 5 müňden gowrak guş bolýar. Gaýaly kenarlarda mesgen tutan gara çarlaklar çägeli kenarlarda, gaýanyň köweklerinde we gyrymsy agaçlaryň düýbünde ýumurtga goýýarlar. Bu guşlar ýylda iki gezek – aprel-iýul we oktýabr-dekabr aýlarynda köpelýärler. Murtly guşlaryň jüýjelemek üçin bir ýa-da iki ýumurtgany 24-27 günläp basyrmagy seýrek köpelmegine getirýär. Häzirki wagtda ýitip gitmek howpy abanýan jandarlaryň hataryna girizilmese-de, hemsa balyklaryň azalmagy Inka çeriginiň iýmit ýetmezçiliginden ejir çekmegine sebäp bolýar. Maglumatlara görä, gara çarlaklaryň sanynyň 150 müňe golaýdygy bellenilýär.
PDF









