Kiçijik laçyn (Microhierax fringillarius) ýyrtyjy guşlaryň iň kiçisi hasaplanýar. Sarymtyl-gara ýelekli bu guşuň göwresiniň uzynlygy 14-16 santimetre, ganatlarynyň giňligi 27-32 santimetre, agramy bolsa 35 grama deň. Günorta-Gündogar Aziýada ýaşaýan bu guşlar 1500 metr belentlikdäki dag gerişlerinde duş gelýär.
Ýamaýkada ýaşaýan kolibriniň (Mellisuga minima) ýumurtgasy iň kiçi guş ýumurtgasy hasaplanýar. Bu guşuň ýumurtgasynyň ululygy 1 santimetre, agramy 0,37 grama deň.
Afrika düýeguşy (Struthio camelus) gury ýerde ýaşaýan guşlaryň iň ýyndamy hasaplanýar. Onuň sagatdaky tizligi 72 kilometre ýetýär.
Afrika düýeguşunyň ýumurtgasy iň uly ýumurtga bolup, ululygy 15-20 santimetre, agramy 1,5 kilograma ýetýär. Äpet guşuň ýumurtgasy 120 kilograma çenli agramy döwülmän saklap bilýär.
Iň çalt uçýan guş alabeder laçyn (Falco peregrinus) bolup, sagatdaky tizligi 390 kilometre ýetýär.
Häzirki wagtda dünýäniň iň garry guşy Laýsan albatrosy hasaplanýar. Ýuwaş ummanynyň kenarynda Midueý Atoll milli tebigy goraghanasynda ýaşaýan bu guşuň 74-75 ýaşyndadygy çaklanylýar.
PDF









