Bütindünýä Syýahat we syýahatçylyk geňeşiniň (WTTC) taýýarlan täze maglumatyna görä, 2026-njy ýylda pudagyň dünýä ykdysadyýetine uly goşant goşjakdygy bellenilýär. Maglumata görä, bu pudak ýylyň dowamynda dünýä ykdysadyýetine 12 trillion dollar goşant goşar. Bu bolsa, jemi içerki önümiň 9,9%-ini emele getirer. Pudagyň ösüşiniň ortaça ykdysady ösüşden has köp, ýagny 3,2% bolmagyna garaşylýar. Maglumatda Ýewropada syýahatçylyk pudagynyň girdejisiniň 1 göterim artjakdygy, Italiýada (3,8%) we Ispaniýada (3,7%) has köp ösüş gazanyljakdygy bellenilýär. Ýewropada halkara syýahatçylaryň sanynyň 7,1% artjakdygy bellenilýär.
Geljek 10 ýylda bu pudakda 89 million täze iş orny dörär. Geçen ýyl daşary ýurtly syýahatçylaryň sarp eden puly 2 trillion amerikan dollaryndan ýokary bolup, ozalky ýyldakydan 3,2% artypdyr.
Abdylmuhammet Abyllaýew,
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň harby gullukçysy, maýor.
PDF









