Gre­si­ýa­nyň K­ri­t ada­syn­da ýer­leş­ýän Ano Wu­wes oba­syn­da­ky zeý­tun aga­jy dün­ýä­de mi­we ber­ýän iň gar­ry da­ragt ha­sap­lan­ýar. Go­ra­lyp sak­lan­ýan ga­dy­my aga­jy gör­mek üçin her ýyl 20 müň tö­we­re­gi adam bar­ýar. Ýa­ba­ny bit­ýän zeý­tun aga­jy­na sa­py­lan ösüm­li­giň şa­ha­la­ry­nyň ýaý­ra­wy 12,5 met­re, bal­da­gy­nyň dia­met­ri 4,6 met­re ba­ra­bar. Alym­lar zeý­tu­nyň anyk ýa­şy­ny bil­me­giň müm­kin däl­di­gi­ni bel­le­ýär­ler. Se­bä­bi aga­jyň esa­sy sü­tü­ni bir­nä­çe asyr ozal çüý­räp­dir. Onuň ýe­ri­ne tä­ze şa­ha­la­ryň çyk­ma­gy bi­len da­ragt bü­tin­leý gu­ra­man, sak­la­nyp ga­lyp­dyr. Da­rag­tyň «tä­ze» çy­kan şa­ha­sy­nyň ýa­şy­nyň 2 müň ýyl­lyk­dy­gy bel­le­nil­ýär.
To­kaý ýan­gy­ny, ýer­tit­re­me, güýç­li ha­ra­sat ýa­ly te­bi­gy ha­dy­sa­la­ry baş­dan ge­çi­ren­di­gi­ne ga­ra­maz­dan, agaç he­ni­ze çen­li gu­ra­man, mi­we ber­me­gi­ni do­wam ed­ýär.
Bu oba­da di­ňe zeý­tun aga­jy däl, 4 asyr­dan bä­ri mi­we ber­ýän üzüm hem bar.

Agajyň ýaşy nähili kesgitlenýär?
Agaçlar we beý­le­ki ösüm­lik­ler di­ňe jan­ly-jan­dar­la­ryň ýa­şa­ma­gy üçin ge­rek bo­lan kis­lo­ro­dy bö­lüp çy­kar­man, ho­wa­ny beý­le­ki kir-ki­mir­ler­den hem aras­sa­la­ýar. Ýer ýü­zün­de agaç­la­ryň has köp ýa­şan­la­ry hem az däl. Eý­sem, ola­ryň ýa­şy­ny nä­dip anyk­la­ýar­ka­lar? Eger gö­ren bol­sa­ňyz, agaç ke­si­len­de, onuň için­de hal­ka şe­kil­ler bol­ýar. Bu hal­ka­la­ryň sa­ny aga­jyň ýa­şy­ny gör­kez­ýär. Şeý­le hem bu hal­ka­lar ar­ka­ly ge­çen ýyl­la­ryň do­wa­myn­da ho­wa­nyň ýag­da­ýy­nyň nä­hi­li bo­lan­dy­gy­ny hem bil­mek bol­ýar. Eger hal­ka­nyň ara­sy giň bol­sa, on­da şol ýy­lyň ygal­ly bo­lan­dy­gy­ny, dar bol­sa, gu­rak ge­çen­di­gi­ni aň­lad­ýar. Hat­da to­kaý­da ýan­gy­nyň bo­lup bol­man­dy­gy­ny hem bil­mek müm­kin. Aga­jyň ýa­şy ha­sap­la­nan­da, ýag­şyň köp ýag­ýan ýe­rin­dä­ki­ler bi­len gu­rak ýer­ler­dä­ki­ler ta­pa­wut­ly bol­ýar. Aga­jyň ýa­şy­ny anyk­la­mak üçin ony hök­man kes­mek ze­rur däl. Alym­lar ýö­ri­te usul­lar ar­ka­ly agaç­dan nus­ga alyp, onuň ýa­şy­ny anyk­lap bil­ýär­ler. Hä­zi­re çen­li anyk­la­nan iň uly ýaş­ly agaç sos­na («Pi­nus lon­gaeva») bo­lup, ABŞ-nyň Ka­li­for­ni­ýa şta­tyn­da­ky Sýer­ra-Ne­wa­da dag­la­ry­nyň de­ňiz de­re­je­sin­den 3275 metr be­lent­lik­dä­ki ger­şin­de ösüp otyr. Gu­rap ga­lan aga­jyň 4900 ýa­şan­dy­gy aý­dyl­ýar.

Agaçlaryň peýdasy
Agaçlaryň peý­da­sy sa­nar­dan köp. Kök­le­ri dag­lyk ýer­ler­de top­ra­gyň süýş­me­gi­niň öňü­ni al­ýar. To­kaý­lar­da ösüm­lik­ler we haý­wan­lar üçin te­bi­gy suw çeş­me­si sak­lan­ýar. Ho­wa­ny aşa gyz­mak­dan go­ra­ýar. Ýo­luň gy­ra­la­ry­na eki­len agaç­lar, ulag­la­ryň se­si­ni «özü­ne siň­di­rip», gal­ma­ga­ly azald­ýar. Gün­de­lik dur­muş­da ula­nyl­ýan zat­la­ryň kö­pü­si agaç­dan ýa­sal­ýar.