Halkara giňişliginde öňe sürülen birnäçe möhüm başlangyçlara we daşary syýasy işjeňlige garamazdan, Ispaniýanyň häzirki syýasy durmuşynda sebit saýlawlarynyň netijeleri boýunça konserwatiw güýçleriň täsiriniň yzygiderli artýandygy synlanýar. Ýurtda geçirilen sebit saýlawlary, hususan-da, Andalusiýadaky ses berişligiň netijeleri Ispaniýanyň Sosialistik işçi partiýasynyň ýerli häkimiýetlerdäki ornunyň gowşamagyna getirdi. Guralan sebit saýlawlarynyň netijesinde, konserwatiw Halk partiýasy we ony goldaýan syýasy toparlar sebit derejesinde esasy orunlara eýe boldular. Ýurduň Premýer-ministri Pedro Sançes tarapyndan öňe sürülýän durmuş-ykdysady özgertmeler we halkara derejesindäki ugurlar sebit saýlawlarynda saýlawçylaryň garaýyşlaryna doly täsir edip bilmedi, bu bolsa içerki syýasatda durnuklylygy üpjün etmekde käbir çäreleriň zerurdygyny görkezýär.
Gurluş we dolandyryş taýdan parlamentiň goldawyna daýanýan Ispaniýanyň hökümeti, durnukly ykdysady görkezijileri gazanmagyna garamazdan, käbir kanunçylyk we býujet meselelerinde çäklendirmeler bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Ýurduň ykdysadyýeti Ýewropanyň beýleki döwletleri bilen deňeşdirilende ösüş depginini saklaýan hem bolsa, parlamentdäki köpçüligiň üýtgemegi täze ugurlary meýilleşdirmäge täsirini ýetirýär. Pedro Sançesiň ýolbaşçylygyndaky hökümet durmuş goraglylygyny berkitmek, pensiýalary we iň pes zähmet hakyny ýokarlandyrmak, şeýle hem migrasiýa meselelerini düzgünleşdirmek boýunça döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmegi dowam edýär. Şunuň bilen birlikde, häzirki hökümet başlygynyň halkara derejesindäki abraýy ýokary bolmagynda galýar; ol Latyn Amerikasy, arap dünýäsi we Hytaý Halk Respublikasy bilen diplomatik gatnaşyklary ösdürmekde Ispaniýanyň netijeli köpri bolmagyny üpjün etdi. Ýurtda geljekde geçiriljek umumy saýlawlara taýýarlygyň çäklerinde häzirki hökümet baştutany döwlet durnuklylygyny üpjün etmek we öňde duran wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek ugrunda degişli işleri alyp barýar.
PDF









