Pekinde strategik hyzmatdaşlyk barada gepleşikler geçirilýär

5

Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin Pekinde Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin bilen duşuşyk geçirýär. 19-20-nji maý günlerinde amala aşyrylýan bu sapar Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampyň Hytaýa bolan saparyndan bary-ýogy birnäçe gün soňra bolup geçýär. Halkara bilermenleriň hem-de synçylaryň ünsüni çeken bu diplomatik ýagdaý Pekiniň dünýä syýasatyndaky ornunyň barha berkeýändigini hem-de strategik hyzmatdaşlygy ösdürmekde möhüm hyzmatdaş bolup durýandygyny görkezýär.
Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň kömekçisi Ýuriý Uşakowyň habar bermegine görä, bu saparyň möhletleri eýýäm şu ýylyň fewral aýynyň başynda ylalaşylypdy we onuň ABŞ-nyň Baştutanynyň sapary bilen hiç hili baglanyşygy ýokdur. Donald Trampyň Pekine amala aşyran saparynyň dowamynda söwda, halkara meseleleri boýunça gutarnykly ylalaşyk gazanylmadyk hem bolsa, russiýaly we hytaýly liderleriň şu gezekki gepleşiklerinde bu ugurlara aýratyn orun berilmegine garaşylýar.
Russiýanyň wekiliýetiniň düzüminde hökümet agzalarynyň, ministrlikleriň, sebit ýolbaşçylarynyň hem-de Merkezi bankyň başlygynyň bolmagy iki ýurduň arasyndaky ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygynyň barha çuňlaşýandygyny subut edýär. Şeýle hem saparyň dowamynda Russiýanyň we Hytaýyň özara bähbitli we strategik häsiýete eýe bolan aýratyn hukukly hyzmatdaşlygyny» has-da berkitmek göz öňünde tutulýar. Iki taraplaýyn gepleşikler sebit we halkara derejesindäki durnuklylygy üpjün etmek nukdaýnazaryndan möhüm syýasy ädim hökmünde häsiýetlendirilýär.