Ýaş ýygyndygyna garamazdan, Dünýä Kubogynda şowly çykyş edýän Horwatiýanyň milli toparynyň düzümi mälim edildi. Tälimçi Zlatko Daliç çagyran 26 futbolçysynyň arasynda Luka Modriç, Mateo Kowaçiç, Iwan Perişiç, Andreý Kramariç, Ante Budimir ýaly tejribeli ýyldyzlar hem bar.
Çagyrylan 26 futbolçydan diňe 2-si Horwatiýanyň çempionatynda oýnaýar. Horwatiýanyň ýygyndysy “L” toparçada Angliýanyň, Gananyň hem-de Panamanyň ýygyndylary bilen duşuşar.
DERWEZEÇILER Dominik Liwakowiç (Dinamo Zagreb) Dominik Kotarski (Kopengagen) Iwor Pandur (Hall Siti) GORAGÇYLAR Ýoşko Gwardiol (Mançester Siti) Duýe Çaleta-Çar (Real Sosiedad) Ýosip Şutalo (Aýaks) Ýosip Stanişiç (Bawariýa) Marin Pongraçiç (Fiorentina) Martin Erliç (Midtýullan) Luka Wuşkowiç (Hamburg) ÝARYMGORAGÇYLAR Luka Modriç (Milan) Mateo Kowaçiç (Mançester Siti) Mario Paşaliç (Atalanta) Nikola Wlaşiç (Torino) Luka Suçiç (Real Sosiedad) Martin Baturina (Komo) Kristiýan Ýakiç (Augsburg) Petar Suçiç (Inter) Nikola Moro (Bolonýa) Toni Fruk (Riýeka) HÜJÜMÇILER Iwan Perişiç (PSW) Andreý Kramariç (Hoffenhaým) Ante Budimir (Osasuna) Mario Paşaliç (Orlando Siti) Petar Musa (FK Dallas) Igor Matanowiç (Fraýburg)
PDF









