Şu gün Pekinde Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň we Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň arasynda ýokary derejeli gepleşikler geçirilýär. Iki günlük resmi saparyň çäklerinde taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy, söwda dolanyşygynyň ösüşini hem-de halkara gün tertibiniň wajyp meselelerini, şol sanda halkara ýagdaýlary ara alyp maslahatlaşarlar. Bu wajyp duşuşyk Russiýa bilen Hytaýyň arasynda 2001-nji ýylda gol çekilen Dostluk baradaky şertnamanyň 25 ýyllygyna gabatlandy.
Russiýanyň döwlet Baştutanynyň Pekine sapary ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň Hytaýa amala aşyran resmi saparyndan birnäçe gün soňra guraldy. Syýasy bilermenleriň bellemegine görä, bu diplomatik ädim Pekiniň Waşington bilen durnukly dialogy saklamaga hem-de strategik hyzmatdaşy bolan Moskwa bilen köp taraply gatnaşyklary durnukly ösdürmäge çalyşýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.Saparyň öňüsyrasynda çykyş eden Russiýanyň Prezidenti iki ýurduň gatnaşyklarynyň häzirki wagtda ýokary derejä ýetendigini we dünýäde durnuklylygy üpjün etmekde möhüm orun eýeleýändigini nygtady.
Häzirki wagtda Hytaý Russiýa Federasiýasynyň iň iri söwda hyzmatdaşy bolup durýar. Hususan-da, 2026-njy ýylyň birinji çärýeginiň netijeleri boýunça Russiýanyň Hytaýa eksport edýän nebitiniň möçberi 35 göterim ýokarlandy we rus tarapy HHR-i tebigy gazyň iň ygtybarly üpjünçileriniň biri hasaplaýar. Pekin şol bir wagtda Russiýa bilen ykdysady we tehnologik ugurlarda özara bähbitli gatnaşyklary işjeň ösdürýär.
Ýokary derejeli duşuşygyň dowamynda taraplar energetika bazarlaryndaky ýagdaýlary we beýleki sebitara meseleleri hem jikme-jik ara alyp maslahatlaşarlar. Mundan başga-da, bu sapar Hytaý bilen ABŞ-nyň arasynda geçen gepleşikleriň netijelerini ikitaraplaýyn formatda seljermäge mümkinçilik berer. Liderleriň ozalky duşuşygy 2025-nji ýylyň sentýabrynda Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Týanszindäki sammitiniň çäklerinde amala aşyrylypdy we taraplar birek-birege ýokary diplomatik hormat goýýandyklaryny tassyklapdylar.
PDF









