Russiýa Federasiýasy tarapyndan gurnalan we Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna (GDA) agza ýurtlaryň arasynda geçirilen «Sanly ulgam üçin hünärmenler. Kiber meýdançasynda ýaryş görnüşinde gutarnykly taslama-konstruktorçylyk çözgütlerini döretmek» atly halkara bäsleşigi tamamlandy. 2025-nji ýylyň sentyabr aýyndan bäri dowam edip gelýän bu abraýly bäsleşikde Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň «Kiberfiziki ulgamlar» fakultetiniň talyplary ýurdumyza uly üstünlikler bilen dolandylar.
Bäsleşik jemi üç kategoriýa boýunça geçirilip, türkmen talyplary «Кибердром. Студент» ugry boýunça bäsleşdiler. Umumylykda 4278 gatnaşyjynyň arasyndan saýlanan 57 sany topar alty döwletiň (Türkmenistan, Russiýa federasiýasy, Belarus, Özbegistan, Gyrgyzystan we Gazagystan) adyndan çykyş etdi. Türkmenistanyň toparynyň düzüminde programmistler, inženerler we tehnikler ýaly sekiz sany hünärmen, şeýle-de bir guramaçy we bir tälimçi ýer aldy.
Okuw we synag tapgyrlaryndan şowly geçen talyplar, kiberfiziki gurluşlary simulýatorda dolandyrmak we olary elde gurnamak boýunça çylşyrymly şertleri ýerine ýetirdiler. Esasanam, uçýan kiberfiziki gurluşlary «akro» tertibinde, ýagny, ýokary derejeli akrobatiki öwrümler bilen dolandyrmakda talyplar uly ussatlyk görkezdiler.
Bäsleşigiň jemleýji tapgyry bolan Grand Final 2026-njy ýylyň 11-16-njy maýy aralygynda geçirildi. 57 ýokary okuw mekdebiniň arasyndan saýlanyp, finala çenli ýeten sekiz güýçli toparyň arasynda türkmen talyplary aşakdaky netijeler bilen tapawutlandylar.
Simulýator ýaryşynda Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň «Kiberfiziki ulgamlar» fakultetiniň «Elektronika we nanoelektronika» taýýarlygy ugrunyň III ýyl talyby, topar ýolbaşçysy Kerim Nazarow 64 gatnaşyjynyň arasynda 1 minut 26 sekunt netije bilen birinji orny eýeledi.
Iki günlük ýaryşlaryň ikinji günündäki dört ýaryşyň jemi boýunça Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň “Oguz Wings” topary umumy hasapda ikinji orna mynasyp boldy.
Aýratyn nominasiýa: «Кибердоставка» (berlen ýükleri bellenen aralyga iň gysga wagtda daşamak) we «Гонка БЭК-ов» (ekipažsyz kiberfiziki gurluşlaryň ýaryşy) tapgyrlaryndaky görkezen ýokary tizligi we çeýeligi üçin topar «Мультироторный маневр» ( «köp rotorly kiberfiziki gurluşlary iň çeýe, iň çalt we iň dogry dolandyran topar») kubogy we hormat haty bilen sylaglandy.
Şeýle-de, inženerçilik taslamalarynyň çäklerinde talyplar suwda we gury ýerde hereket edýän ekipažsyz kiberfiziki ulgamlaryny (БЭК) üstünlikli konstruktirlemegi başardylar.
Çeşme: Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti.
PDF









