Suw serişdeleri boýunça halkara maslahat geçiriler

2

Täjigistan Respublikasynyň paýtagty Duşanbe şäherinde 25-28-nji maý aralygynda «Suw durnukly ösüş üçin» diýen şygar astynda IV Ýokary derejeli halkara maslahat geçiriler. Bu çäre Täjigistanyň Hökümetiniň başlangyjy esasynda Birleşen Milletler Guramasy bilen bilelikde her iki ýyldan bir gezek guralýar. Duşanbe şäherinde geçiriljek bu forum BMG-niň Suw serişdeleri boýunça 2026-njy ýylda guraljak nobatdaky halkara maslahatyna taýýarlyk görmegiň esasy tapgyry bolar.
Geçiriljek maslahatyň baş maksady BMG-niň Suw maslahatynda kabul edilen meýletin borçnamalary durmuşa geçirmek üçin halkara tagallalaryny birleşdirmekdir. Şeýle hem çäre täze hyzmatdaşlyklary ýola goýmaga we 2030-njy ýyla çenli bolan Durnukly ösüş maksatlaryna bellenilen wagtyndan öň ýetmäge ýardam etmegi maksat edinýär. Maslahatyň resmi açylyş dabarasyndan öň, ýagny 25-nji maýda ugurdaş forumlar we medeni çäreler guralar. Resmi maslahat 26-27-nji maýda dowam edip, 28-nji maýda bolsa halkara wekilleri üçin Täjigistanyň suw serişdelerini dolandyrmak baradaky tejribesi bilen tanyşdyrmak maksady bilen ýörite okuw gezelençleri guralar.
Täjigistanyň Daşary işler ministri Sirojiddin Muhriddin halkara jemgyýetçiligine ýüzlenip, häzirki wagtda dünýäniň suw bilen bagly çylşyrymly wehimler, şol sanda siller, gurakçylyk, süýji suw çeşmeleriniň hapalanmagy we klimatyň üýtgemegi sebäpli buzluklaryň çalt eremegi ýaly meseleler bilen ýüzbe-ýüz bolýandygyny belledi. Şol sebäpli hem ministr dünýä ýurtlarynyň hökümetlerini, halkara we sebitara guramalaryny, maliýe edaralaryny we ylmy jemgyýetçiligi Duşanbe maslahatyna işjeň gatnaşmaga çagyrdy. Mälim bolşy ýaly, düýbi tutulan Duşanbe suw prosesiniň çäklerinde mundan ozal 2018-nji, 2022-nji we 2024-nji ýyllarda ýokary derejeli halkara maslahatlarynyň üçüsi üstünlikli guralypdy.