Eziz Diýarymyzda her ýylyň 18-nji maýynda Esasy Kanunymyz bolan Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni agzybirlikde, ruhubelentlikde uly dabaralara beslenip bellenilýär. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Konstitusiýamyzyň kabul edilmegine we Döwlet baýdagymyzyň döredilmegine 34 ýyl doldy. Ýurdumyzyň Esasy Kanunynyň kabul edilen güni halkymyzyň Garaşsyz, demokratik, hukuk we dünýewi döwleti gurmakdaky asyrlarboýy arzuwynyň hasyl bolan güni hökmünde taryha girdi. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda bu goşa baýram bolan Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni giňden toýlandy. Paýtagtymyzda Konstitusiýa binasyna we ýurdumyzyň Baş baýdagyna gül goýmak dabaralary geçirilip, olara hormatly Prezidentimiz gatnaşdy.
Hormatly Prezidentimiziň baýramçylyk mynasybetli halkymyza Gutlagynda: «Adamy jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy diýip ykrar edýän Konstitusiýamyz hem-de Garaşsyzlygymyzyň we Bitaraplygymyzyň, agzybirligimiziň, jebisligimiziň ebedilik nyşany bolan Döwlet baýdagymyz biziň milli mukaddesliklerimizdir» diýlip bellenilýär.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen milli kanunçylygyň yzygiderli kämilleşdirilmeginiň, döwletiň hem-de jemgyýetiň iň ýokary gymmatlygy hökmünde adamyň ykrar edilmeginiň ata-babalarymyzyň asylly ýörelgelerine laýyk gelýändigi, Konstitusiýamyzda berkidilen adalatlylyk, deňhukuklylyk, adamlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny sarpalaýan ýörelgeleriň raýat jemgyýetiniň dabaralanmagyna giň şertleri döredýändigini bellemek bolar.
«Bu gün Garaşsyz ýurdumyz öz Döwlet baýdagy bilen dünýäde giňden tanalýar. Biziň ýaşyl Baýdagymyz dostlugyň we parahatçylygyň baýdagydyr! Döwlet baýdagy galdyrylyp, Döwlet senasy ýaňlananda, biziň her birimiz buýsanç bilen ör turýarys. Munuň özi bütin durkuň bilen Watan mukaddesligine uýmakdyr!» diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz nygtaýar.
Ýaşyl Tugumyz ata-babalarymyzyň şöhratly taryhyny, häzirki ajaýyp zamanamyzy, nurana geljegimizi özüne siňdiren mukaddeslikdir. Al-asmanda pasyrdaýan Döwlet baýdagymyzy göreniňde, berkarar döwletde, ajaýyp zamanada ýaşaýandygyňa bolan buýsanjyň artýar. Ýaşyl Tugumyzyň astynda ýurdumyzda ägirt uly taslamalar durmuşa geçirilýär, halkymyzyň ýaşaýyş derejesi barha ýokarlanýar, ähli pudaklarda ajaýyp ösüşler gazanylýar. Ýetilýän belent sepgitleriň, gazanylýan beýik ösüşleriň, ýeňişleriň ruhlandyryjysy bolan Döwlet baýdagymyz kalbymyzda ata Watanymyza bolan söýgi-buýsanjy artdyrýar. Birleşen Milletler Guramasynyň hem-de ençeme iri halkara guramalaryň belent binalarynyň öňünde buýsançly pasyrdaýan mukaddes Baýdagymyz türkmen türgenlerini hem täze üstünliklere ruhlandyrýar.
Goý, ýaşyl Tugumyzyň belentde pasyrdamagy, halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda beýik maksatly işlere badalga berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, işleri rowaç bolsun!
Selbi AMANOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň medisina ekologiýasy we gigiýena kafedrasynyň müdiri.
PDF









