Ýewropanyň demirgazyk şäherleriniň biri bolan Stokgolm şäheri owadan tebigaty, täsin adalary, reňkli binalary we gyzykly däpleri bilen görenleri haýrana goýýar. Baltika deňzindäki arhipelagda ýerleşýän Şwesiýanyň paýtagt şäheri 14 adany özünde jemleýär. Şol sebäpli bu şähere başgaça «Demirgazygyň Wenesiýasy» hem diýilýär.
Stokgolm şäheri 1252-nji ýylda esaslandyrylýar. XIII asyryň ahyrynda şäherdäki syýasy işjeňlik ýokarlanyp, Şwesiýanyň esasy şäherine öwrülýär. 188 inedördül kilometr meýdany eýeleýän demirgazyk şäherde tomus aýlary yssy we gijelerine ýagty bolýar. Gyş aýlarynda bolsa howa aşa sowuk bolýar. Stokgolm şäheri güýz aýlary has hem owadan görnüşe eýe bolýar.
Şäheriň medeni seýilgähleri, taryhy ýerleri we owadan künjekleri dynç almak üçin ajaýyp mümkinçilikleri hödürleýär. Şäheriň Waksholm adasynda geçen asyrdan galan agaçdan gurlan öýler, kafedir restoranlar ýerleşýär. XV asyrda düýbi tutulan «Royal Djurgarden» şäher seýilgähi hem-de «Skansen» üsti açyk muzeý hem şähere barýan syýahatçylarda ýatdan çykmajak duýgulary döredýär. Stokgolma barýan syýahatçylar şäheriň myhmansöýer halkynyň bardygyny belleýärler. Şäheriň 980 müňden gowrak ilaty bolup, şwed hem-de fin dillerinde gepleşýärler.
Stokgolm şäheri dünýä derejesindäki muzeýlerinden we taryhy taýdan özüne çekiji köşklerinden başlap, galereýalardyr suratkeşlik öýlerine çenli sungatyň hem-de medeniýetiň ajaýyp görnüşini hödürleýär. Milli muzeýde (Nationalmuseum) XVI asyra degişli heýkeltaraşlyk, surat we dürli eserleri öz içine alýan täsirli sungat ýygyndysy görkezilýär. Şäherde Şwesiýanyň iň ussat dizaýnerleri tarapyndan taýýarlanan keramik harytlaryndan başlap, dürli görnüşli dokma önümlerini satýan dükanlar bar. Stokgolmyň merkezi köçesi «Strandvägen»-iň ugrunda ýerleşýän «Malmstenbutiken» we «Svenskt Tenn» dizaýn muşdaklary üçin nusgawy dükanlar hasaplanýar. Dükanlar bilen bir hatarda Stokgolmyň «süýji» kafe medeniýeti hem bar. Süýji nygmatlar bilen kofe içmegi aňladýan bu däp şwedleriň dilinde «fika» diýlip atlandyrylýar. Bu däp ýerli kafelerde has meşhur bolup, Stokgolma barýan syýahatçylar hökmany suratda «süýji» kafelerde myhmançylykda bolýarlar.
PDF









