Te­bi­ga­tyň zäh­met­sö­ýer jan­da­ry

3

Her ýy­lyň 20-nji ma­ýyn­da Bü­tin­dün­ýä ary­lar gü­ni bel­le­ni­lip ge­çil­ýär. Ösüm­lik­le­riň to­zan­lan­ma­gyn­da, bio­dür­lü­li­gi we azyk howp­suz­ly­gy­ny üpjün etmekde mö­hüm orny eýe­le­ýän bu jan­dar­lar zäh­met­sö­ýer­li­gi bi­len ta­nal­ýar. Ge­liň, ary­lar ba­ra­da­ky gy­zyk­ly mag­lu­mat­la­ry öw­re­ne­liň!
Ary­lar di­ňe bir mult­film­le­riň ýa-da er­te­ki­le­riň gah­ry­ma­ny bol­man, eý­sem, gündelik dur­muş­da hem mö­hüm äh­mi­ýe­te eýe­dir. Neş­der­li uç­ýan mö­je­jik­ler bal ön­dür­mek­den da­şa­ry, te­bi­gat üçin mö­hüm bo­lan to­zan­lan­dyr­ma işi­ne hem gat­naş­ýar­lar.
Iý­ýän iý­mi­ti­mi­ziň, tak­my­nan, üç­den bir bö­le­gi – mi­we­ler we gök önüm­ler ary­la­ryň to­zan­lan­dyr­ma işi ne­ti­je­sin­de ýe­tiş­ýär.
Dün­ýä­de ary­la­ryň 20 müň­den gow­rak gör­nü­şi bar. Bu­la­ryň ara­syn­da Gün­ba­tar ba­la­ry­sy has köp bo­lup, ola­ryň sany 3,5 trilliondan geçýär.
Balçy­lyk bi­len meş­gul­la­nyp baş­lan iň ga­dy­my halk mü­sür­li­ler ha­sap­lan­ýar. Olar 4500 ýyl mun­dan ozal ary ide­dip baş­lap­dyr­lar.
An­tark­ti­da ary­syz ýe­ke-täk yk­lym ha­sap­lan­ýar. So­wuk ho­wa şert­le­ri, ösüm­lik­le­riň we süý­ji su­wuň ýet­mez­çi­li­gi se­bäp­li bu ýer­de ary­lar ýa­şa­ma­ýar.
Ary­lar ga­na­ty­ny göz öňü­ne ge­ti­ri­şi­miz­den has çalt he­re­ket­len­dir­ýär­ler. Ba­la­ry se­kunt­da 230 ge­zek ga­nat kak­ýar. Eşi­dil­ýän «wyz» se­si ary­la­ryň uly tiz­lik­de ga­nat kak­ma­gyn­dan eme­le gel­ýär.
Dün­ýä­de iň zä­her­li ary Af­ri­ka uý­gun­la­şan balary­sy (gan­hor ary) ha­sap­lan­ýar. Ga­har­jaň ary howp aba­nan ha­la­tyn­da 500 met­re çen­li ko­wa­lap gid­ýär.
Uzyn­ly­gy 3 san­ti­metr bo­lan Gi­ma­laý äpet balary­sy dün­ýä­de iň uly ba­la­ry ha­sap­lan­ýar. Balary­sy­nyň bu gör­nü­şi kö­we­gin­de 60 ki­log­ra­ma çen­li bal top­la­ýar.
Ary­la­ryň 6 aýa­gy, kel­le­si­niň gap­da­lyn­da 2 sa­ny ýa­na­şyk gö­zi, 2 jü­büt ga­na­ty, nek­tar hal­ta­jy­gy we aş­ga­za­ny bar. Ba­la­ry­la­ryň kel­le­si­niň de­pe­sin­de 3 sa­ny ki­çi­jik gö­zi hem bol­ýar.
Ada­ty zä­her­li ary­lar bi­ri-bi­ri bi­len ha­bar­laş­mak üçin wyz­zyl­dap ses ed­ýär­ler. Balary­sy bol­sa bi­ri-bi­ri­ni ça­gyr­mak, bir za­dy ha­bar ber­mek üçin tans ed­ýär.
Ba­la­ry­nyň öm­ri 4-6 hep­de bo­lup, «bü­tin öm­rün­de», tak­my­nan, 20 müň­den gow­rak gül­den şi­re top­la­ýar.
Ba­la­ry­la­ryň 170 dür­li ys saý­gar­mak uky­by bar. Şol se­bäp­li bu jan­dar­lar bi­ziň ys­syz ha­sap­la­ýan gül­le­ri­miz­den hem bal ön­dür­ýär­ler.