San­ly ede­bi­ýa­tyň ösü­şi

1

Teh­no­lo­gi­ýanyň çalt dep­gin­ler bi­len ös­me­gi bü­tin dün­ýä­de ki­tap oka­mak me­de­ni­ýe­ti­ni we ne­şir­ýat ul­ga­my­ny düýp­li öz­gerd­ýär. Hä­zir­ki wagt­da ada­ty ka­gyz ki­tap­lar bi­len bir­lik­de, elekt­ron we ses­li ki­tap­lar dün­ýä ba­za­ryn­da bar­ha uly or­na eýe bol­ýar. Hal­ka­ra ne­şir­ýat as­so­sia­si­ýa­la­ry­nyň we sta­tis­ti­ka gu­ra­ma­la­ry­nyň iň soň­ky mag­lu­mat­la­ry bu ugur­da­ky gör­ke­zi­ji­le­riň tä­ze re­kord de­re­je­le­re ýe­ten­di­gi­ni su­but ed­ýär. Hal­ka­ra bi­ler­men­le­riň ha­sa­bat­la­ry­na gö­rä, ses­li ki­tap­lar dün­ýä­niň ne­şir­ýat pu­da­gyn­da iň çalt dep­gin bi­len ös­ýän we gir­de­ji ge­tir­ýän ugur­dyr. Au­dio­ki­tap­la­ra bo­lan is­le­giň re­kord de­re­je­de art­ma­gy­nyň esa­sy se­bä­bi wagt­dan ut­mak müm­kin­çi­li­gi­dir. Hä­zir­ki za­man oky­jy­sy fi­zi­ki taý­dan ki­tap oka­ma­ga wagt tap­ma­dyk ýag­da­ýyn­da, ýol­da bar­ýar­ka, sport bi­len meş­gul­lan­ýar­ka ýa-da gün­de­lik öý iş­le­ri­ni ýerine ýetir­ýär­kä ki­tap diň­le­me­gi we wag­ty­ny ne­ti­je­li ulan­ma­gy saý­lap al­ýar. Şeý­le hem hä­zir­ki dö­wür­de ne­şir­ýat­lar ki­tap­la­ry di­ňe bir ada­ty ses bi­len okat­man, eý­sem, pro­fes­sio­nal akt­ýor­la­ryň we dik­tor­la­ryň gat­naş­ma­gyn­da, ýö­ri­te sse­na­ri­ler esa­syn­da köp ses­li au­di­od­ra­ma­lar gör­nü­şin­de taý­ýar­la­ýar­lar. Mun­dan baş­ga-da, dün­ýä­niň iri plat­for­ma­la­ry ta­ra­pyn­dan oky­jy­la­ra her bir ki­ta­by aý­ra­tyn­lyk­da sa­tyn al­ma­gyň de­re­gi­ne, aý­lyk abu­na esa­syn­da müň­ler­çe ses­li ki­ta­ba çäk­siz el­ýe­ter­li­li­giň hö­dür­le­nil­me­gi au­dio­ki­tap diň­leý­ji­le­ri­niň sa­ny­nyň has-da art­ma­gy­na iter­gi ber­ýär.
Elekt­ron ki­tap­lar hem, eý­ýäm, bir­nä­çe ýyl bä­ri dün­ýä­niň ede­bi­ýat ba­za­ry­nyň dur­nuk­ly we aý­ryl­maz bö­le­gi bo­lup gal­ýar. San­ly ne­şir­le­riň amat­ly­ly­gy il­kin­ji no­bat­da el­ýe­ter­li­lik we çalt­lyk bi­len dü­şün­di­ril­ýär. Oky­jy is­len­dik tä­ze çy­kan ki­ta­by dün­ýä­niň baş­ga bir kün­je­gin­den ge­tirt­män, san­ly­ja se­kun­dyň için­de öz smart­fo­ny­na ýa-da ýö­ri­te san­ly en­ja­my­na ýük­läp bil­ýär. Mun­dan baş­ga-da, elekt­ron ki­tap­la­ryň önüm­çi­li­gin­de ka­gyz sarp edil­me­ýän­di­gi se­bäp­li, olar daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak we agaç­la­ry tyg­şyt­la­mak ba­ra­da­ky äh­lu­mu­my eko­lo­gik mak­sat­na­ma­la­ra do­ly la­ýyk gel­ýär. Ýe­ňil­li­gi we göw­rüm­li­li­gi taý­dan uly ar­tyk­maç­ly­gy bo­lan ýe­ke­je san­ly en­ja­myň için­de müň­ler­çe ese­ri – tu­tuş bir ki­tap­ha­na­ny ýa­nyň bi­len gö­te­rip bol­ýar. Bu bol­sa sy­ýa­hat­çy­lar we ta­lyp ýaş­lar üçin aý­ra­tyn amat­ly­ly­gy üp­jün ed­ýär.
Ge­çi­ri­len jem­gy­ýet­çi­lik pi­ki­ri­ni öw­re­niş bar­lag­la­ry we ne­şir­ýat ha­sa­bat­la­ry san­ly ki­tap­la­ry ulan­ýan­la­ryň ag­ram­ly bö­le­gi­niň ýaş­la­ra hem-de işe­wür adam­la­ra de­giş­li­di­gi­ni gör­kez­ýär. San­ly we ses­li for­mat­la­ryň ös­me­gi köp­den bä­ri ki­tap oka­ma­ýan adam­la­ryň hem ede­bi­ýa­ta gaý­ta­dan do­lan­ma­gy­na oňyn iter­gi ber­di. Şol bir wagt­da bi­ler­men­ler san­ly for­ma­tyň ös­me­gi­niň ada­ty ka­gyz ki­tap­la­ry do­ly gy­syp çy­kar­man­dy­gy­ny, eý­sem, ola­ryň bi­ri-bi­ri­ni öza­ra baý­laş­dyr­ýan­dy­gy­ny bel­le­ýär­ler. Hä­zir­ki wagt­da köp oky­jy­lar ki­ta­byň ses­li gör­nü­şi­ni ýol­da diň­le­se­ler, onuň çe­per nus­ga­sy­ny öý­de oka­mak üçin ka­gyz gör­nü­şin­de sa­tyn al­ma­gy do­wam ed­ýär­ler. Şeý­le­lik­de, ses­li we elekt­ron ki­tap­la­ryň goý­ýan tä­ze re­kord­la­ry dün­ýä­de mag­lu­ma­ty ka­bul et­me­giň tä­ze me­de­ni­ýe­ti­niň ke­ma­la ge­len­di­gi­ni we ede­bi­ýa­tyň dö­wür bi­len deň ga­dam ur­ýan­dy­gy­ny aý­dyň gör­kez­ýär.